Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.12.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

396380
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.12.2015

“Ýeni Şafak” gazeti “Dünýäden öýkeledi” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen arasynda uçar meselesi sebäpli ýüze çykan dartgynlygy gönükdirmekde kynçylyk çekýän Russiýanyň şol çemeleşmesini BMG-niň Parižde geçirilýän Halklara howa çalşygy maslahatynda-da dowam etdirýändigini ýazýar. Gazet Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň 150-den gowrak döwlet ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda düşülen ýadygärlik surata goşulmandygyny mälim edýär.
“Ýeni Akit” gazeti “Türkiýäniň serhedi NATO-nyň serhedi” söz başyly habarynda, Brýusselde NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen duşuşan Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň NATO we Russiýa “Türkiýäniň serhedi NATO-nyň serhedi” diýip ýüzlenendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Uçaryň urlup düşürilmegi sebäpli Russiýanyň ötünç soralmagy baradaky islegleri barada-da durup geçen Dawutoglynyň “Harby goşunymyz borjuny berjaý etdi. Hiç kim işimizi ýerine ýetirýändigimiz üçin bizden ötünç soramagymyza garaşmasyn” diýen sözlerini çap edýär.
“Sabah” gazeti “Ýewropa 75 million türke gapylaryny açýar” söz başyly habarynda, ÝB bilen Türkiýäniň arasynda gazanylan bosgunlar baradaky ylalaşygyň dünýä metbugatynda giň seslenme döredendigini, Gollandiýanyň telelýaýlymy NOS-yň “Parasatly maýa goýum” analizini berendigine ünsleri çekýär.
Gazetler bolsa “ÝB bosgun meselesini satyn aldy”, “ÝB-niň milliardlary bosgun akymynyň öňüni keser”, “Türkiýe Ýewropa bilen gatnaşyklaryny ösdürer” ýaly söz başylary saýlap alypdyrlar.
“Haber Türk” gazeti “Matruşkadan infilýasiýa çykdy” söz başyly habarynda, Russiýanyň Türkiýeden alynýan azyk önümlerine embargo goýandygyny, embargo giňeldilen halatynda 19 göterime deň bolan infilýasiýanyň 30 göterime ýetme howpynyň bardygyny mälim edýär.
“Hürriýet” gazeti “İlkinji günüň tolgunmasy” söz başyly habarynda, Birža Stambulyň NASDAQ bilen bilelikde taýarlan täze operatiw portfeli BİSTECH-iň düýnki operatiw gününi üstünlikli tamamlandygyny ýazýar. Habarda Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň Stambulda 4-njisini guraýan “Türkiýe İnnowasiýa Hepdeliginiň” 3-nji dekabrda “Çäksiz innowasiýa, çäksiz potensial” temasy bilen açyljakdygy, Stambulyň Maslahatlar Merkezinde 3 gün dowam etjek çärä dünýä belli innowasiýa önümleriniň tanyşdyryljakdygy nygtalýar.
“Watan” gazeti “Adamy ýaşlaşdyryp 120 ýyl ýaşatjak dermana rugsat berildi” söz başyly habarynda, amerikaly alymlaryň gandaky süýjiniň mukdaryny kadalaşdyrmak üçin peýdalanylýan “metformin” dermanynyň garrylyga garşy täsiri bilen adamyň ömrüni uzatjakdygynyň anyklanandygyny, Amerikanyň Azyk we derman edarasy FDA-nyň hem onuň satuwyna rugsat berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar