Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.11.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

395612
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.11.2015

“Sabah” gazeti “Wizasyz Ýewropa hakykata öwrülýär” söz başyly habarynda, Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynda 11 ýyl soň täze sahypanyň açylandygyny ýazýar. Gazet düýn Brýusselde geçirilen ÝB-Türkiýe maslahatyndan 3 möhüm netijäniň alynandygyny mälim edýär. Habarda alynan netijeleriň şulardan ybaratdygy nygtalýar. 1- ÝB Komissiýasy 2016-njy ýylyň oktýabr aýyndaky habarnamasynda wizasyz syýahaty teklip eder. 2- ÝB Türkiýedäki siriýalylar üçin başlangyçda 3 milliard ýewrolyk maliýe kömegini berer we 14-nji dekabrda Ykdysady we pul syýasaty atlandyrylýan 17-nji barlag seljeriş ugry açylar. 3- 2016-njy ýylyň birinji çärýeginde käbir barlag seljeriş ugurlarynyň açylmagy üçin iş alynyp barylar.
“Ýeni Akit” gazeti “Rus embargosyna garşy araplaryň sosial media goldawy” söz başyly habarynda, Russiýanyň Prezidenti Putiniň türk harytlaryna goýulan çäklendirmeler baradaky karary tassyklamagyndan soň arap dünýäsiniň sosial media arkaly Türkiýä goldaw kampaniýasyny başladandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet arap intellektuallary tarapyndan goldanýan kampaniýalarda “Men musulman we Türkiýe bilen arkalaşýaryn”, “Men arap we Türkiýe bilen arkalaşýaryn”, “Türk harytlaryna goldaw ber” haştaglarynyň ulanylandygyny ýazýar.
“Haber Türk” gazeti “Rus halky Putini günäkärleýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň howa giňişligini bozan rus harby uçarynyň urlup düşürilmeginden soň iki ýurduň arasynda başdan geçirilýän dartgynlyk dowam edýärkä Russiýada bu barasynda sowalnama geçirilendini mälim edýär. Habarda rus habalar gullugy “Rosbalt” tarapyndan geçirilen sowalnama laýyklykda ruslaryň 37 göterimi Türkiýe bilen gatnaşyklaryň dartgynlaşmagynyň sebäbiniň Kremliň ýalňyş hasaplary bolandygyny pikir edýär. Russiýanyň Türkiýe bilen duşman bolmagyndan “Türkiýäniň bähbitlerine üns bermän “Siriýa gir” diýen geňeşdarlary” jogapkär saýýanlaryň mukdarynyň bolsa 36 göterime deňdigi nygtalýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Demirgazyk Yrakdan işler ugrukýar” söz başylyhabarynda, iki ýyl soň Türkiýäniň üstaşyr gaz eksport etmegine garaşylýan Demirgazyk Yrakda Russiýanyň dartgynlyga sebäp bolan çemeleşmesinden soň işleriň depgininiň güýçlendirilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet sebitde Türkiýäniň 50 ýyllyk gaz islegini ýekelikde kanagatlandyrjak ätiýajyň bardygyny ýazýar. Habarda Demirgazyk Yrakdan iki ýylyň dowamynda Türkiýä gaz akdyrylmaga başlanmagyna garaşylýandygy, 2020-nji ýylda 20 milliard kub metr gazyň türk bazaryna geljekdigi mälim edilýär.
“Watan” gazeti “Serhetde roketalar garşy harby çärä” söz başyly habarynda, howp emele getirýän roketa, uçar we radar ulgamlaryny duýduryş kabul ediş özboluşlygy bilen täsirsiz ýagdaýa getirýän ASEL tarapyndan öndürilen “KORAL” atly ýerli howa goranyş ulgamynyň Siriýa serhedine ornaşdyrylyp, ulanylmaga başlanandygy nygtalýar. Habarda ýerli howa goranyş ulgamynyň 100 kilometr menzile eýedigi, roketalaryň, uçarlaryň we radarlaryň ugur ulgamlaryny duýduryş kabul ediş özboluşlygy bilen täsirsiz ýagdaýa getirýändigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar