Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.11.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

394081
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.11.2015


“Ýeni Şafak” gazeti “Russiýa ötünç sorasyn” söz başyly habarynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň rus uçarynyň serhedi bozandygyny görmezlikden gelip Türkiýäniň hem ötünç soramagyny hem-de jerime tölenmegini isländigini, uçary urup düşürenler hakynda kaziýet işiniň gozgalmagyny talap edendigini ýazýar.
Gazet Prezident R. T. Erdoganyň hem Putiniň başda durmagynda rus ýolbaşçylarynyň hemlesine we ötünç çagyryşyna berk garşylyk görkezendigini belleýär.
Gazet Türkiýäniň Russiýadan ötünç soramajakdygyny aýdan Erdoganyň “Howa giňişligimizi bozanlar bizden ötünç soramaly” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Yslam dünýäsiniň ýaşlary Stambulda jemlenişdi” söz başyly habarynda yslam dünýäsindäki messep çaknyşyklarynyň öňüni almak maksady bilen 56 ýurduň gatnaşmagynda döredilen Yslam dünýäsiniň ýaşlarynyň paýtagty taslamasynyň nobatdaky maslahatynyň Stambulda geçirilýändigini habar berýar.
Gazet Yslam dünýäsiniň Ýaşlar forumynyň başlygy Elşad Iskenderowyň “Yslam medeniýetiniň we pelsepesiniň dogry düşündirilmegini maksat edinýäris. Dürli messepleriň ýaş liderleri bilen duşuşyp meseläni giňişleýin ara alyp maslahatlaýarys” diýen sözlerine ýer berýär.

“Hürriýet” gazeti “Ilkinji 100-likde 3 türk” söz başyly habarynda merkezi Londonda ýerleşýän ýokary dilim derejelendiriş guramasy QŞ-niň “Dünýäniň 50 ýaşyna ýetmedik iň gowy uniwersitetleri” sanawyny beýan edendigini ýazýar.
Gazet sanawda 100 uniwersitetiň hatarynda Türkiýeden Bilkent, Sabanjy we Koç uniwersitetleriniň ýer almagy başarandygyny nygtaýar.
Gazet “Dünýäniň 50 ýaşyna ýetmedik iň gowy uniwersitetleri”sanawynda birinji orny Singapuryň Nanýang tehniki uniwersitetiniň, ikinji orny Gang Kongyň bilim we tehnalogiýa uniwersitetiniň, üçünji orny bolsa Koreýanyň ýokary bilim we tehnalogiýa uniwersitetiniň eýeleýändigini ýatladýar.

“Star” gazeti “ Turk turizmi G-20 bilen iň ýokary çäge ýetdi” söz başyly habarynda G-20-niň liderler derejesindäki maslahatdan 100 million ýewrolyk girdeji gazanylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet ABŞ-nyň Prezidenti Obamanyň we maslahata gatnaşan beýleki liderleriň türk myhmansöýerligi barada aýdan öwgüli sözleriniň we möhüm ýüzlenmeleriniň syýahatçylyk pudagynyň has-da ösmegine oňyn täsirini ýetirendigini belleýär.
Gazet türk syýahatçylyk pudagynyň halkara derejesinde geçirlen bu guramaçylyk bilen özüni sübut edendigini nygtaýar.
Gazet Türkiýäniň dünýäde syýahatçylyk pudagyndan iň köp girdeji gazanýan ýurtlaryň sanawynda 12-nji, iň köp syýahatçyny özüne çekýän ýurtlaryň sanawynda bolsa 6-njy orny eýeleýändigini ýatladýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar