Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 26.11.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

422677
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 26.11.2015


“Sabah” gazeti “Prezident Erdogandan Moskwa anyk ýüzlenme; ne dartgynlygy möwjederiz, ne-de ünssiz çemeleşeris” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň hemişelik komitetiniň maslahatynda söz sözländigini ýazýar.
Gazet Prezident Erdoganyň “Türkiýäniň ýagşy niýetli çemeleşmesi we parasatly tutumy sebäpli şu günki güne çenli şeýle wakada başdan geçirilmedi. Türkiýe dartgynlygyň we krizisiň ýüze çykmagyny islemeýär, hemişe parahatçylyga, dialoga we diplomatiýa goldaw berdi. Hiç kim bizden serhedimizi yzygiderli bozýan, özbaşdaklyk hukugymyza biperwaý garaýan, hak-hukuklarymyzy basgylaýan hereketleri görmezlikden gelmegimize garaşmasyn. Bu waka sebäpli asla dartgynlygyň möwjemegini islemeýäris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ilkinji duşuşyk Parižde” söz başyly habarynda türk howa giňişligine giren rus harby uçarynyň urlup düşürilmeginden soň diplomatik gepleşikleriň dowam edýändigini we taraplaryň arasyndaky ilkinji ýokary derejeli duşuşygyň ýekşenbe güni geçirilmegine garaşylýandygyny habar berýär.
Gazet Prezident Erdogan we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen birlikde 147 ýurduň döwlet we hökümet baştutanynyň gatnaşmagynda geçiriljek Klimat konferensiýasynyň ýekşenbe güni Fransiýanyň paýtagty Parižde öz işine başlajakdygyny ýazýar.
Gazet Erdogan bilen Putiniň konferensiýanyň çäginde özara duşuşyk geçirip biljekdigini belleýär.

“Watan” gazeti “Soňky gezek telefon arkaly duýduryş berildi” söz başyly habarynda rus uçarlarynyň türk howa giňişligine soňky aýlarda 3 gezek girendigini mälim edýär.
Gazet rus harby uçarlarynyň oktýabr aýynyň 3-de, 4-de we 29-da türk serhedini bozandygyny we mesele hakynda rus ýolbaşçylar bilen 5 gepleşigiň geçirlendigini ýatladýar.
Gazet rus ýolbaşçylaryna soňky gezek 29-njy oktýabrda rus uçarlarynyň türk howa giňişliklerine girmezlikleri hakynda telefon arkaly duýduryş berlendigini belleýär.
Gazet rus harby uçarlarynyň 4-nji gezek türk howa giňişligine girendigi sebäpli bolsa halkara kanunlaryna laýyklykda T-16 kysymly uçarlara “uruň” diýlen görkezmäniň berlendigine ünsi çekýär.

“Hürriýet” gazeti ÝB bilen Türkiýäniň arasynda 29-njy noýabrda Brýusselde geçiriljek maslahatyň jemleýji jarnamasynyň taslamasynyň tamamlanandygyny ýazýar.
Gazet jarnamada Ýewropa ýurtlaryna syýahat etjek türk raýatlaryna 2016-njy ýylyň oktýabr aýyndan başlap wiza ýeňilliginiň döredilmeginiň we Türkiýä gelen Siriýaly bosgunlar üçin 3 milliar ýewrolyk maliýe kömeginiň berilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny nygtaýar.

“Ýeni Akit” gazeti “Gadymy şäherdäki osmaly metjidi abatlanar” söz başyly habarynda birnäçe medeniýete ýer eýeçiligini eden gadymy Stratonikeia şäherindäki osmanly döwrüne degişli Şaban aga metjidiniň abatlanjakdygyny habar berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar