Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 22.11.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

420609
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 22.11.2015


“Star” gazeti “Daşary ýurtlylar Türkiýede ýaşaýyş jaý satyn almak üçin uly talap bildirýär” söz başyly habarynda saýlawdan soň emele gelen durnuklylyk we ynam şertinden soň daşary ýurtlylaryň Türkiýäniň ýaşaýyş jaý mümkinçilikleri bilen ýakyndan gyzyklanmaga başlandygyny ýazýar.
Gazet soňky 10 ýylyň görkezijileriniň gurluşyk pudagynyň Türkiýäniň ykdysadyýetine uly goşant goşjakdygyny görkezýändigine ünsi çekýär.
Gazet saýlawyň netijesinden soň daşary ýurtlylaryň Türkiýede ýaşaýyş jaý satyn almaklary üçin höweslendirilýändigini we daşary ýurtly maýadarlar taýdan hem ynamdar ýurt hökmünde görülýän Türkiýede ýaşaýyş jaýa bolan talabyň ýokarlamak bilen dowam edýändigini belleýär.

“Hürriýet” gazeti “Islandiýalylar geotermal desgasy üçin nobata durdy” söz başyly habarynda Islandiýanyň Senagat we söwda ministri Agnheidur Elin Arnadottiriň Türkiýäniň geotermal mümkinçilikleri hakynda maglumat berendigini ýazýar.
Gazet Türkiýäniň 30 müň mega wotlyk geotermal energetika mümkinçiligine eýedigini aýdan İslandiýaly ministr “Islandiýaly firmalar Türkiýä gelmek üçim nobata durdylar” diýen sözlerine ýer berýär.
Gazet Agnheidur Elin Arnadottiriň Islandiýaly firmalaryň Türkiýede maýa goýmak isleýändiklerine aýratyn ünsi çekendigini ýatladýar.

“Sabah” gazeti “Ýene-de bir altyn ätiýajy tapyldy” söz başyly habarynda Türkiýede soňky döwürde gymmatly altyn magdanlarynyň tapylmaga başlandygyny buşlaýar.
Gazet geçen hepde Manisa welaýatynyň Soma etrabynda 100 tonnadan gowrak altyn ätiýajynyň tapylandygyny we bu gezek bolsa Balykesir welaýatynyň İwrindi etrabynda 50 müň ine dördil metrlik meýdanda gymmaty 2 milliard dollara barabar bolan altyn we kümüş ätiýajynyň tapylandygyny belleýär.

“Ýeni Şafak” gazeti terror howpynyň Ýewropada gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýändigini habar berýär
Gazet Belgiýanyň paýtagty Brýusselde terror howpy sebäpli berk howpsyzlyk çäreleriniň görlendigini we metrolaryň ýapylandygyny nygtaýar.
Gazet halka konsert, sport bäsleşikleri, howa menzilleri we söwda merkezleri ýaly köp adamly ýerlerden çetde durmaklary üçin çagyryş berlendigini belleýär.
Gazet Belgiýanyň Premýer ministri Çarles Mişeliň Belgiýada Pariždäki ýaly hüjümiň guralyp biljekdigini görkezýän subutnamalaryň bardygyna aýratyn ünsi çekendigini ýatladýar.

“Ýeni Akit” gazeti “Dünýä türkmen gyrgynçylygyny görmeýär” söz başyly habarynda Russiýa, Eýran, Liwandaky Hizbullah we Yrakly şaýy söweşijilerden goldaw alýan Siriýanyň hökümetiniň, Siriýada türkmen obalaryna guraýan hüjümini dowam etdirýändigini ýazýar.
Gazet gury ýerden, deňizden we howadan türkmenlere ölüm ýagdyrýan Siriýanyň hökümetiniň meselä biperwaý çemeleşýän halkara jemgyýetçiliginden hem güýç alýandygyny belleýär.
Gazet Kobanide kürtleriň öldürilmegine uly garşylyk görkezen Günbatarly ýurtlaryň Baýyrbujak türkmenleriniň gyrgyna berilmegine bolsa ünssiz çemeleşýändigini ýatladýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar