Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.11.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tetibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

419686
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.11.2015

“Haber türk” gazeti “Fransiýa sorady, Türkiýe tapdy” söz başyly habarynda, fransuz howpsyzlyk gullugynyň 13-nji noýabrda Pariždäki hüjümi guran we “Ahmad Al Mohammediň” adyna galp Siriýa pasporty bilen gün tertibine gelen terrorçynyň maglumatlaryny türk tarapyna berendigini, türk polis edarasynyň geçiren derňew işiniň netijesinde hüjümçi barada maglumat ýygnandygyny ýazýar. Gazet Mohammediň bosgun hökmünde DAEŞ-iň gözegçiligindäki Mare etrabyndan Kilise, şol gün Gaziantebe, soň bolsa İzmire barandygynyň anyklanandygyny ýazýar. Habarda İzmiriň Basmane etrapçasynda siriýaly bosgunlaryň bolýan myhmanhanasynda özüni siriýaly hökmünde tanadyp, 2-nji oktýabrda bellik etdirendigini, 4-nji oktýabrda myhmanhanadan gaýdandygy, myhmanhanadan gaýdandan soň Egeý deňiziniň üsti bilen Gresiýa-Belgiýa marşrutyndan Fransiýanyň paýtagty Parihe baryp, gyrgynçylygy guran terrorçylar bilen duşuşandygy mälim edilýär.
“Sabah” gazeti “G20 ilkinji netijesini berdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň G20-niň maslahatynyň çäginde geçiren duşuşygyndan soň dowam etdirilmegi baradaky netijä gelinen Türk akymy taslamasyna Ýeworpanyň doly goldaw berýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ÝB-niň Merkezi we Gündogar Ýewropa üçin üç sany energetika taslamasyna birinji nobatda goldaw berjekdigini tassyklandygyny ýazýar. taslamanyň 15-nji dekabrda Gazan şäherinde duşuşjak Erdogan bilen Putin tarapyndan gol çekişilmegine garaşylýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe iňňän möhüm” söz başyly habarynda, Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Orta Aziýa ýurtlaryny energiýa geçiriji liniýalary bilen biri-birine birleşdirýän Türkiýäniň ýerleşýän sebitinde energetika merkezine öwrülme pozisiýasyny berkitmäge başlandygyna ünsleri çekýär. Gazet soňky gezek Ýewropa ýurtlaryndan Harwatiýanyň Prezidenti Kolinda Grabar Kitarowiçiň Türkiýäniň energiýa geçirijileri taýdan sebitleýin pozisiýasynyň möhümdigini nygtandygyny ýazýar. Habarda häzirki wagtda durmuşa geçirilýän strategiýanyň energiýa taslamalarynyň Türkiýäniň üstaşyr geçirilmegi bolandygy nygtan Kitarowiçiň “Bu taýda Türkiýäniň energiýa geçiriji liniýalaryndaky pozisiýasynyň möhümdigini näçe nygtasam az” diýen sözleri ýerleşdirilýär.
“Ýeni Akit” gazeti “Türk lukmanlary rak hassalygynyň dermanynyň tapylmagyna öňbaşçylyk eder” söz başyly habarynda, Konýa welaýatynyň Selşuk uniwersitetiniň Lukmançylyk fakultetiniň we Nejmettin Erbakan uniwersitetinden alymlaryň bokurdak ragy boýunça 2 ýyl ozal başaladan barlaglarynyň netijesinde uly açyşlar edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ylmy barlagyň halkara maslahatlaryndan birinde birinjilik baýragyna laýyk görülendigini we rak hassalygynyň ýaýramagynyň öňüni aljak dermanlaryň taýarlanmagy taýdan iňňän möhümdigini ýazýar.
“Hürriýet” gazeti “Tähran simfoniýasyna türk ýolbaşçy” söz başyly habarynda, Tähranyň simfoniýa orkestrynyň ýaňadandan döredilmegi üçin bellenen meşhur eýranly drižor Aleksandr Rahbariniň jogapkärçiligi türk drižor Erol Erdinçe tabşyrandygyny mälim edýär. Habarda Rahbariniň 25 drižoryň arasyndan saýlanan Erdinçden şu ýyl orkestr bilen Eýranda 4 konsert bermegini, master klass derslerine girmegini we gastrollara gatnaşmagyny isländigi nygtalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar