Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.11.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

416964
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.11.2015

“Star” gazeti: “Parižde Ýewropanyň 11-nji sentýabry” söz başyly habarynda, Fransiýanyň Şarli Ebdo hüjüminden 10 aý soň ýene-de bir terrorçylykly hüjüme sezewar bolandygyny mälim edýär. Gazet terrorçylaryň Parižde konsert zalyny, restorany, metro duralgasyny we Fransiýa-Germaniýa futbol bäsleşigi geçirilen Stade de Franseni nyşana alandygyny nygtaýar. Habarda futbol bäsleşigi dowam edýän wagty partladylan bombalardan soň stadiondan çykan Prezident Olandyň ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan edendigi, serhetleri ýapandygy we howpsyzlyk gullugynyň ýolbaşçylaryny ýygnandygy ýazylýar. Gazet Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň terrorçylyga garşy halkara ylalaşygyň möhümdigini aýdandygyna ünsi çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Iň hereketli maslahat” söz başyly habarynda, şu ýylyň G-20 liderler maslahatynda esasy ara alyp maslahatlaşyljak meseläniň energetika boljakdygyny, ähli ünsleriň bolsa Türkiýäniň Prezidenti Erdogan bilen Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Putiniň arasynda boljak duşuşyga gönügendigini habar berýär. Gazet iki ýurduň liderleriniň arasyndaky duşuşykda Türk Akymynyň geljegi, Türkiýäniň tebigy gaz satyn almagy we bahanyň arzanladylmagy ýaly meseleleriň üstünde duruljakdygyny belleýär.

“Sabah” gazeti: “Türkiýe-Ýaponiýa möhri basyldy” söz başyly habarynda, Ýaponiýa bilen durmuşa geçirilen taslamalaryň şu güne we geljege basylan möhürdigini bellän Prezident Erdoganyň Çanakgala geçelgesi üçin hem hyzmatdaşlyk ediljekdigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti: “Ösüş öwgüsi” söz başyly habarynda, Halkara Pul gaznasynyň Türkiýäniň ykdysadyýetiniň ösmegini dowam etdirjekdigini aýdandygyny mälim edýär. Gazet Halkara Pul gaznasynyň aralarynda Türkiýe hem bolan Orta, Gündogar we Günorta-gündogar Ýewropa ýurtlary bilen baglanşykly Sebitleýin Ykdysady meseleler hasabatynyň 2015-nji ýylyň güýz paslyndaky hasabatyny çap edendigini nygtaýar.

“Haber Türk” gazeti: “ÝB Erdogan bilen bilelikde maslahat geçirer” söz başyly habarynda, Siriýadaky we Yrakdaky söweşler sebäpli ýüze çykan bosgun krizisine çözgüt tapmak isleýän ÝB-niň liderleriniň Maltada geçirilen maslahatda ýyganandygyny habar berýär. Gazet maslahatda Türkiýä 3 milliard 200 million ýewro möçberinde gazna berilmegi we dekabr aýyndaky ÝB-niň liderleriniň maslahatyna Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň çagyrylmagy barada karara gelinendigini belleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar