Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.11.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

415883
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.11.2015

“Ýeni Şafak” gazeti: “PÝD-PKK-DAEŞ Damskda ýygnandy” söz başyly habarynda, 7-nji iýundan soň bilelikde terrorçylykly hüjümlerini başladan PÝD-niň, PKK-nyň we DAEŞ-iň arasyndaky gatnaşyklary seljerýän razwedka gullygynyň gözlän yzlaryny Siriýanyň paýtagty Damaskda tapandyklaryny mälim edýär. Gazet Asadyň maý aýynda guramanyň baştutanlary bilen 4 günläp Damaskdaky myhmanhanada duşuşyk geçirendigini nygtaýar. Habarda Asadyň Türkiýede bombaly hüjümler guratdyrandygy, şol syýasata goldaw beren Russiýanyň hökümetiniň bolsa Asad we PÝD bilen Moskwada duşuşandygy ýazylýar.

“Star” gazeti: “ABŞ-dan PÝD-ä Özbaşdaklygy ýadyňyzdan çykaryň” söz başyly habarynda, mundan ozal ÝPG-ä ýarag bermejekdigini aýdan ABŞ-nyň bu gezek bolsa PÝD-ä Özbaşdaklyk almak üçin edýän tagallalaryny etmezlik barada duýduryş berendigini habar berýär. Gazet ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň resmisi Mark Toner tarapyndan berilen beýanatda DAEŞ-e garşy göreşde PÝD-den peýda görýändiklerini, emma gurama Siriýanyň demirgazygynda Özbaşdaklyk yglan etmeklerine rugsat bermejekdiklerini aýdandygyny belleýär.

“Hürriýet” gazeti: “G-20 üçin çäreler alynýar” söz başyly habarynda, Antalýada 15-16-njy noýabr aralygynda dünýäniň liderleriniň gatnaşmagynda geçiriljek G-20 maslahaty sebäpli ähli çäreleriň görülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet gözlenýän DAEŞ-e agza terrorçylaryň ahlisiniň suratlarynyň we maglumatlarynyň ähli howpsyzlyk güýçlerine ugradylandygyny, maslahatda 12 müň polis işgäriniň wezipesiniň başynda boljakdygyny, Antalýa welaýatyna degişli bolmadyk ulaglaryň gözgeçilik ediljekdigini, uçarlarda, awtobuslarda we otlylarda graždan polisleriň şübhe astynda bolanlary barlajakdygyny belleýär.

“Haber Türk” gazeti: “Öňe gidişlik hasabatyndan ozal ÝB-den Türkiýä gelşiksiz teklip: bosgun krizisini çözsek hasabatda egilşik ederis diýildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ÝB ministri Beril Dedeoglynyň Türkiýäniň “Öňe gidişlik hasabatyny” hödürlemezden ozal Ýewropanyň diplomatlarynyň özüne “Siriýaly bosgunlar Türkiýede galan halatynda özlerine hödürlenjek hasabatda egilşik etjekdiklerini aýdandygyny”, Dedeoglynyň özüniň bolsa: “Bolup biljek zatmy? Çap ediň hasabaty, gorkýan adam ýok. Çap ediň, hähili bolsa şolar ýaly bolsun” diýip jogap berendigini, komissiýanyň başlygynyň bolsa: “Siz talapkär mugallym bolan bolmaga çemeli” diýendigini habar berýär.

“Sabah” gazeti: “6 ýyl soň artykmaçlyk” söz başyly habarynda, 2014-nji ýylda 2 milliard 365 million dollarlyk zyýan çeken Türkiýäniň býujeti şu ýylyň şol döwründe nebitiň bahalarynyň arzanlamagy bilen 95 million dollar bilen 6 ýyl soň ilkinji gezek artykmaç bolandygyny mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar