Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.11.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

413256
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.11.2015

“Haber Türk” gazeti: “Milli bitewilik we doganlyk etabynda aktýorlar üýtgedi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň terrorçylyga garşy etabynyň "Milli bitewilik we doganlyk etaby" diýip at bereninden soň, "Milli bitewilik etabynda" esasy aktýorlaryň jemgyýetçilik guramalaryň, dini liderleriň we taýpalaryň boljakdygyny mälim edýär. Gazet täze etapda terror guramasy PKK-nyň ýa-da onuň syýasy partiýasy bolan HDP-nyň hiç hili ornunyň bolmajakdygyny, halkyň meseleleriniň çözgüdi üçin Türkiýäniň ähli ýerinde demokratiýanyň ýola goýuljakdygyny, ýaşlar üçin täze syýasatlaryň durmuşa geçiriljkdigini, ýurduň Saglygy goraýyş ministrligi, Bilim ministrligi we Din işleri guramasy bilen hyzmatdaşlyk ediljekdigini nygtaýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Hökümediň esasy 5 maksady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Premýer ministri Ahmet Dawutoglynyň gurjak täze hökümediň ilki bilen 5 esasy meselä çözgüt tapmagy maksat edinýändigini habar berýär. Gazet esasy 5 mesele aşakdakylardan ybaratdygyny belleýär:
1.Täze konstitutsiýa we Prezidentlik ulgamy.
2. 25 ykdysady taslamanyň durmuşa geçirilmegi.
3. Güýçli diplomatiýa bilen Türkiýäniň ÝB-ne agza bolmak etabyny çaltlandyrmak.
4. Milli bitewilik we doganlyk taslamasynyň çäginde işler alynyp barylmaly.
5. 2023-nji ýyl maksatnamasyna laýyklykda ägirt uly taslamalaryň çaltlandyrylmagy.

“Ýeni Akit” gazeti: “Ykdysadyýetde täze döwrüň ady hereketlilik” söz başyly habarynda, 1-nji noýabrda geçirilen saýlawlardan soň bazarlardaky durnuksyzlyk kadalanmaga başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet daşary ýurt walýutalarynyň kurslarynyň we prosent stawkalarynyň peselendigini we bazarlarda mundan soň ykdysady hereketliligiň başlanjakdygy çak edilýändigini aýdylýar. Habarda hökümetiň başyna ýaňadandan gelen Ak partiýanyň iň pes aýlyk meselesi we beýleki beren wadalar babatynda işler alyp barmaga başlandygy, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň bolsa iň pes aýlyklaryň ýanwar aýyndan başlap 1300 lira bolup biljekdigini aýdandygy ýazylýar.

“Sabah” gazeti: “200 million ýewrolyk G-20 berekedi” söz başyly habarynda, Bütin dünýäniň ykdysadyýetiniň 85 göterimini özünde jemleýän G-20-ä agza ýurtlaryň liderleriniň gelmegine birnäçe gün galandygyny mälim edýär. Gazet soň taýarlyklaryň tamamlanandygyny, Antalýadaky şol çäräniň ýurduň syýahatçylyk pudagyna uly goşant goşjakdygyny, sammitden 200 million ýewro girdeji boljakdygyny nygtaýar. Gazet 37 dünýä lideriniň gatnaşmagynda Antalýanyň Belek etrabynda 15-16-njy oktýabr aralygynda ýokary derejeli masalahatyň geçiriljekdigine ünsi çekýär.

“Watan” gazeti: “Germaniýanyň bosgun karary” söz başyly habarynda, Germaniýanyň hökümetiniň bosgun krizisi bilen baglanşykly maslahat geçirendigini habar berýär. Gazet Germaniýanyň hökümetiniň Türkiýäniň bosgunlary özünde saklamagyny we özleriniň her ýyl belli bir mukdarda bosguny saýlap kabul etjekdigini aýdandygyny belleýär. Habarda beýleki tarapdan bolsa Ýewropa komissiýasynyň 2017-nji ýylyň ahyryna çenli Ýewropa baran bosgunlaryň sanynyň 3 milliondan hem geçjekdigi, ýagny 2015-nji ýylda 1 million, 2016-njy ýylda 1,5 million we 2017-nji ýylda 500 müň bosgunyň Ýewropa barjakdygy çak edilýändigi ýazylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar