Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.11.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

363931
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.11.2015

“Haber Türk” gazeti: “ABŞ-dan terror guramasy PÝD-ä mundan beýläk ýarag ýok” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ABŞ-na terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan PÝD-ä berilen ýaraglar bilen baglanşykly beren duýduryşlaryndan oňaýly netijeleri almaga başlandygyny mälim edýär. Gazet Dawutoglynyň Al Kaýdanyň Siriýadaky goly bolan Al Nusra frontynyň DAEŞ-e garşy söweşýändigine gazarmazdan bütin dünýäde terror guramasy hökmünde kabul eilýändigini ýatladyp, “DAEŞ-e garşy söweşýän bolsada PÝD-ni terror guramasy sanawyndan aýyrmaly däl” diýip ABŞ-ny duýdurandygyny belleýär. Habarda ABŞ-nyň şol duýduryşlary garamaklaryna aljakdyklaryny we terror guramasy PÝD-a ýarag goldawyny bermejekdiklerini aýdandyklary nygtalýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Hytaýdan Şanlyurfa ägirt uly maýa” söz başyly habarynda, Hytaýyň Ýadro energetika kärhanasy bilen Else energetika kärhanasynyň Şanlyurfa welaýatynda bahasy 60 million dollar boljak 60 megawattlyk gün eregeiýasy bekedini gurjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Hytaýyň Ýadro energetika kärhanasynyň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Ksing Liunyň gün energiýasy bilen başlajak hyzmatdaşlygyň beýleki energetika ugurlarynda hem dowam etmegine garaşýandyklaryny aýdandygyny ýazýar.

“Watan” gazeti: “THÝ 280-nji gatnawyny açdy” söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň Afrikada 46-njy, halkara gatnawlarda bolsa 280-nji bolan Durban uçar gatnawynyň düýn kärhananyň Ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlygy Ilker Aýjynyň gatnaşmagynda açylandygyny habar berýär. Habarda Stambul-Durban saparlarynyň duşenbe, sişenbe, penşenbe we şenbe günleri iki taraplaýyn ýagdaýda boljakdygy aýdylýar.

“Sabah” gazeti: “Stambul super liga girdi” söz başyly habarynda, gozgalmaýan emläk maslahaty ugrunda iş alyp barýan JLL-niň “Şäher indeksi we şäherleriň täze dünýäsi” ady bilen geçiren derňewlerinde Stambulyň Şanhaý, Pekin we San-Paulu şäherleri bilen bilelikde “Ösen dünýä şäheri” kategoriýasyna girendigini mälim edýär. Gazet Stambulyň şeýle hem mega şäherler sanawynda Kuala Lumpur we Meksiko Siti ýaly şäherler bilen bäsleşýändigini ýatladýar.

“Hürriýet” gazeti: “Altynpark serginiň merkezi bolar” söz başyly habarynda, Ankaranyň gözel ýerleriniň biri bolan Altynparkda ençeme wagt soň ýaňadandan çäreleriň geçirilip başlanjakdygyny habar berýär. Gazet seýilgähde 125 müň agajyň, 72 müň ösümligiň we 2 millon 500 müň güliň bardygyna ünsi çekýär. Habarda 42-nji Halkara MODEW Mebel we bezeg sergisiniň 2016-njy ýylyň 6-16-njy aprel aralygynda Altynpark sergi merkezinde geçiriljekdigi bellenýär.
“Star” gazeti: “Marka bolmaga gönügen türkler MAPIC-de” söz başyly habarynda, dünýäniň iň uly bölekleýin satuw we gozgalmaýan emläk sergisi MAPIC-iň 21-njisi şu ýyl 18-20-nji noýabr aralygynda Fransiýanyň Kan şäherinde geçiriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet MAPIC-e ‘Turkish Brands’ ady bilen gatnaşýan türk kärhanalarynyň sanynyň geçen ýyla garanyňda 100 göterim artandygyny, 74 ýurtdan 8 müň 400 firmanyň gatnaşjak sergä Türkiýeden 14 firmanyň ganaşjkadygyny ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar