Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 02.10.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

386510
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 02.10.2015

Star” gazeti: “Rus bombalary DAEŞ-iň işine ýaraýar” söz başyly habarynda, Russiýanyň Siriýada söweşe girmeginden soň ilkinji beýanadyň Türkiýäniň Premýer ministri Ahmet Dawutogly tarapyndan berilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşan Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň: “Russiýa bu söweşiň ozalam içindedi, täze girenok. Bu gezek uçarlary girdi. Ilkinji gündäki hüjümler dolulygyna Azat Siriýa goşunyna garşy guraldy. Eýran gury ýerden Russiýa bolsa howadan hüjüm guraýar. Russiýanyň nyşana alan ýerleri, terror guramasy DAEŞ-iň işine ýaraýan nyşanalar boldy. ABŞ DAEŞ-i, Russiýa bolsa Azat Siriýa goşunyny nyşana alana meňzeýär” diýendigi bellenýär.

Watan” gazeti: “Türkiýe Ýewropada 6-njy oruna geçdi” söz başyly habarynda, ÝB-ne we Ýewropa Erkin söwda bileleşigine agza ýurtlaryň ulag bazarlarynyň şu ýylyň ýanwar-awgust aýlary aralygynda 8 göterim ösendigini mälim edýär. Gazet bu döwürde Türkiýäniň satuwlarynyň 45,7 göterim artandygyny we Ýewropada ulag satuwlary boýunça 6-njy oruna geçendigini nygtaýar.

Sabah” gazeti: “Wolkswageniň ýüpi Türkiýäniň elinde” söz başyly habarynda, Wolkswageniň dizel bilen işleýän ulaglarynyň kanunsyz ölçetdirilmegi netijesinde ençeme ýurtda sutuwlaryň gadagan edilendigini we ähli ünsleriň Türkiýä tarap gönügendigini habar berýär. Gazet dizel ulaglarynyň satuwynda iň uly bazarlaryň biri bolan Türkiýäniň kabul etjek kararynyň kärhananyň ykbalyny kesgitlejekdigine ünsi çekýär. Habarda şol sebäpli Türkiýäniň Daşky gurşaw we şäherçilik ministrliginiň, Gümrük we söwda ministrliginiň, Ylym, senagat we tehnologiýa ministrliginiň 3 taraplaýyn iş alyp barýandygy ýazylýar.

Ýeni Şafak” gazeti: “Ýerli trambusler bütün dünýä açylýar” söz başyly habarynda, Türkiýede ilkinji gezek Malatýada ulanylmaga berilen ýerli trambusleriň Halkara Ulag serişdeleri bileleşigi tarapyndan guralan seminarda tanyşdyrylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Bozankaýa tarapyndan öndürilen Türkiýäniň ilkinji trambus ulaglarynyň agramy 40 tonna çenli ýetýän ulag serişdelerine görä 75 göterim energetika tygşytlaýandygyny mälim edýär. Habarda ulaglaryň alyp bilýän ýolagçy sanynyň köplügi, daşky guraşawa az zyýan ýetirýändigi we döwrebaplygy bilen beýlekilerden tapawutlanýandygy bellenýär.

Milliýet” gazeti: “Türkiýä syýahat etmäge geljeklere 9 kitap” söz başyly habarynda, ABŞ-da ýerleşýän Huffington Post atly saýtyň Türkiýä syýahat etmäge geljeklere 9 kitap hödürländigini habar berýär. Gazet kitaplaryň arasynda Orhan Pamugyň “Stambul”, Elif Şafakyň “Kaka we nikasyz”, Hilari Sammer-Boýdyň we Jon Frilliniň bilelikde ýazan “Strolling Through Istanbul”, Orhan Pamukyň we Ara Güleriň bilelikde ýazan we diňe iňlis dilinde çap edilen “Ara Güler’s Istanbul: 40 Years of Photographs” ýaly eserleriň bardygyny nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar