Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.09.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

341697
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.09.2015

“Star” gazeti: “Global ykdysadyýetiň öňbaşçylary Stambulda duşuşar” söz başyly habarynda, Stambul Maliýe ýokary derejeli maslahatynyň 8-nji sentýabrda başlajakdygyny mälim edýär. Gazet 2 gün dowam etjek maslahatda ykdysadyýeti janlandyrmagyň ýollary ara alynyp masalahatlaşyljakdygyny belleýär.

“Sabah” gazeti: “3-nji çärýek ösüşi üçin oňyn yşarat” söz başyly habarynda, ýylyň 2-nji çärýeginde içerki talaba bagly bolan ösüşiň 3-nji çärýekdede dowam etjekdigini habar berýär. Gazet esasan hem ulag satuwynyň artmagy bilen marta aýyndan bäri dowam edip gelýän daşary söwda ýetmezçiliginiň iýul aýynda kadalaşyp ösmäge başlajakdygyny nygtaýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Russiýada ASELSAN-a uly gyzyklanma” söz başyly habarynda, Russiýada geçirilen halkara awiasiýa we kosmos sergisinde ASELSAN-a uly gyzyklanma bildirilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet önümlerini 50 ýurda eksport edýän ASELSAN-yň sergide Russiýanyň Rosoboronexport firmasy bilen beýleki ýurtlara satuw meselesinde ylalaşyk baglaşandygyna we ASELSAN-yň esasy maksadynyň dünýäde ilkinji 50 kärhananyň sanawyna girmekdigine ünsi çekýär.

“Haber Türk” gazeti: “Birža Stambul we DMCC özara gatnaşyklaryny ösdürer” söz başyly habarynda, Dubaýyň erkin zolak organy DMCC bilen Birža Stambulyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça memoranduma gol çekişilendigini belleýär.

“Watan” gazeti: “Türk uçarmanyň uly üstünligi” söz başyly habarynda, ABŞ-daky NATO howa mekdebinde bilim alýan letenant çinli türk uçarman Bugra Baldanyň bäsleşigiň 3 ugry boýunça hem sylagly baýraklara mynasyp bolandygyny ýazýar. Gazet letenant Baldanyň 2015-nji ýylyň 14-nji awgustynda ABŞ-daky Laughlin howa bazasynda geçirilen uçurym dabarasynda uçarman tassyknamasyny alandygyny mälim edýär. Habarda Türkiýäniň harby howa güýçleri tarapyndan 2012-nji ýyldan bäri her ýyl 6 türk uçarman dalaşgäriň Euro-NATO Joint Jet Pilot Training programasynyň çäginde ABŞ-na taýarlyk üçin ugradylýandygy nygtalýar.

“Hürriýet” gazeti: “Ajaýyp asyr filminiň sergisi Katarda” söz başyly habarynda, 60-a golaý ýurtda görkezilen Ajaýyp asyr filiminiň sergisi indi bolsa daşary ýurtlarda segilenmäge başlanjakdygyny habar berýär. Gazet serginiň 16-njy sentýabr -12-njy dekabr aralygynda Katarda geçiriljekdigine ünsi çekýär.

“Milliýet” gazeti: “Wenesiýa film festiwaly ertir başlaýar” söz başyly habarynda, bu ýylky Wenesiýa film festiwalynyň aýratyndygyny, ol aýratynlygyň hem Türkiýäniň festiwaldaky wekilçiliginiň güýçlidigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Emin Alperiň Gabaw filminiň fetiwalda Altyn Arslan sylagy üçin bäsleşýän 21 filmiň arasyna girendigi, esasy bäsleşigiň iň uly emin agzasy Alfonso Kuaronyň ýolbaşçylygyndaky emin agzalaryň arasynda türkiýeli Nuri Bilge Jeýlanyň hem boljakdygy ýazylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar