Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 31.08.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

372251
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 31.08.2015

“Haber Türk” gazeti: “Siriýa serhedine 203 million liralyk howpsyzlyk diwary” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Maliýe ministri Mehmet Şişegiň Türkiýäniň Siriýa serhedinde “Siriýa Fiziki Howpsyzlyk ulagamynyň” gurulmagy üçin Goranmak ministrligine 203 million lira berendigini aýdandygyny ýazýar. Gazet Türkiýäniň esasan hem Siriýa serhedine alýan çäreleriniň gün saýyn artdyrýandygyny belleýär. Gazet täze ulgamyň kömegi bilen Siriýa serhediniň arakesmesiz gözegçilik ediljekdigini, serhetden bikanun geçýänleriň öňüniň alynjakdygyny we serhedi geçen adamlara ýol berilmejekdigini nygtaýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Erdogan duýdurdy 2 milliard dollar gazandyk” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýurduň internet infrastrukturasyny dünýä standartlaryna laýyk getirjek 4,5 G tenderinden uly peýda görendigini mälim edýär. Gazet Prezident R.T. Erdoganyň: “4G bilen wagt ýitirmäliň, 5 G geçeliň” diýip duýduranyndan soň ýurduň 2 milliard dollar peýda görendigine ünsi çekýär. Habarda şeýlelik bilen ýurduň býujetine 11,3 milliard ýerine 13,2 millard girdeji girendigi habar berilýär.

“Star” gazeti: “Saud Arabystanynyň şasynyň maşgalasy şäherleri özgertme taslamasyna gelýär” söz başyly habarynda, Dünýäniň iň uly 250 potratçy sanawynda 18-nji ýerde bolan Öztürk gurluşyk kärhanasynyň, indi bolsa ugruny şäherleri özgertme taslamasyna öwürendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Öztürk Holdingiň ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlygy Ýusuf Öztürkiň Saud Arabystanynyň şasynyň maşgalasy tarapyndan hyzmatdaşlyk teklip edilendigini nygtap: “Şäherleri özgertme taslmasynda bilelikde işläris” diýendigini ýazýar.

“Milliýet” gazeti: “Nýu Ýork Times Anadoly kenaryna syýahat etdi” söz başyly habarynda, ABŞ-nda çap edilýän Nýu Ýork Times gazediniň Stambulyň Anadoly kenarynda geçirilen 36 sagatlyk syýahatyny gazedinde çap edendigini habar berýär. Gazet gazediň Stambuly Türkiýäniň medeniýet paýtagty hökmünde teswirländigini we şäheriň Anadoly kenary barada öwgüli sözler aýdandygyny belleýär. Habarda Anadoly kenarynyň has arassadygyny, has ýaşyldygyny, köp medeniýetlidigini, gijeleriniň örän gyzykly geçýändigini we restoranlarda her dürli süýji tagamlary iýip bolýandygyny nygtaýar.

“Sabah” gazeti: “Tanymal fotosuratçylar Bursada duşuşar” söz başyly habarynda, bosgun mowzugy bilen şu ýyl 5-nji gezek geçiriljek Halkara Bursa Fotosurat festiwalynyň 24-28-nji oktýabr aralygynda Bursada geçiriljekdigini mälim edýär. Gazet festiwala Patrik Zahman, Ariana Lindkuist, Erdal Küpeli we Ibrahim Demirel ýaly dünýäniň tanymal fotosuratçylaryň suratlarynyň we işleriniň görkeziljekdigini ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar