Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.08.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

341282
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.08.2015

Star” gazet: “Liwanyň zir-zibil meselesini Türkiýe çözer” söz başyly habarynda, Liwanyň Prmýer ministri Temmam Selamyň ýurdunda ýüze çykan zir-zibil meselesiniň çözüwi üçin Premýer ministr Ahmet Dawutoglyna jaň edendigini we türk hünärmenleriň goldaw bermek üçin ýakyn wagtda Beýruta gitjekdigini mälim edýär.

“Sabah” gazeti: “Yrak bilen ikinji bahar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň iň uly eksport bazary bolan Yrak bilan söwdada täze sahypanyň açylandygyny belleýär. Gazet ýaňadandan gurulan Türk-Yrak iş geňeşiniň hereket meýilnamasynyň taýarlanandygyny nygtaýar. Gazet Türkiýäniň iň uly 2-nji eksport bazary bolan Yrak bilen dekabr aýynyň ilkinji hepdesinden başlap wekilleriň ikitaraplaýyn saparlary gurajakdygyna ünsi çekýär. Habarda ilkinji nobatda Yrakdan algysy bolan türk gurluşyk kärhanalaryň tölegleriniň beriljekdigi, ondan soň Yrak-Türkiýe erkin söwda zolagynyň guruljakdygy, soňky etapda bolsa iki ýurtda hem sergileriň we fuarlaryň geçiriljekdigi ýazylýar.

“Haber Türk” gazeti: “Katar bilen hyzmatdaşlygyny artdyrar” söz başyly habarynda, Birža Stambul we Kataryň Biržasy arlaryndaky hyzmatdaşlygy artdyrjak ylalaşyga gol çekişendiklerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet gol çekilen ylalaşyga görä maglumat we hünärmen çalşygynyň ýerine ýetiriljekdigini, maýa goýumlaryň ösdürilmegi üçin biržalaryň eden işleri we bazarlar meselesinde maglumat alyş-çalşygy boljakdygyny belleýär.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Türkiýäniň kredit balyna Ýaponiýadan tassyklama” söz başyly, Ýaponiýanyň Kredit derejelendiriş guramasynyň Türkiýäniň BBB derejesindäki kredit balyny tassyklandygyny mälim edýär. Gazet gurama tarapyndan berilen beýanata görä Türkiýäniň kredit balynyň durnuklydygyny aýdandygyny belleýär.

“Milliýet” gazeti: “Türk dizaýnerden ykjam düşelgeler” söz başyly habarynda, türkiýeli dizaýner Hakan Gürsunyň guran “Designnobis” kärhanasynyň tebigy heläkçilikde öýlerine zeper ýeten adamlar üçin ykjam düşelge öýlerini öndürmäge başlandygyny habar berýär. Habarda täze ykjam düşelgeleriň tebigy heläkçilikde öýlerine zeper adamlar üçin umyt boljakdygy ýazylýar.

“Hürriýet” gazeti: “Futbolyň täze eksportçysy Türkiýe” söz başyly habarynda, 9-njy iýunda başlan we 31-nji awgustda tamamlanjak futbolçy alyş-çalyş sezonynda şu ýyl türk futbol komandalarynyň örän tapawutlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet dünýäniň iň köp futbolçy satan ýurtlaryň arasynda ilkinji 10-ga giren Türkiýäniň daşary ýurt komandalara satan türgenlerden 68 million ýewro girdeji alanadygyna ünsi çekýär. Habarda daşary ýurt satuwlarynda Fenerbahçe, Beşiktaş we Bursaspor komandalarynyň iň köp girdeji alandygy, iň köp futbolçy satylan ýurtlaryň bolsa Katar, Dubai we Ispaniýa bolandygy ýazylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar