Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 26.08.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

369689
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 26.08.2015

“Hürriýet” gazeti: “4,5 G bilen döwlete azyndan 9,2 milliard dollar girdeji geler” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň 4 G bilen hiç wagt utulmaly. 3 G bilen entek 2 ýyl oňsak 5 G geçeris diýeninden 3 aý soň 4 G-nyň ýerine 4,5 G adyny alan ýygylygyň tendriniň şu gün geçiriljekdigini ýazýar. Gazet döwletiň geçiriljek tenderden 2,7 milliard ýewro ýagny 9,2 milliard lira girdeji aljakdygyny belleýär.

“Watan” gazeti: “Raýatlaryň beren bahalary gowy çykdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ösen 9 bankynyň bilelikde guran Kredit edarasynyň ilkinji gezek türk raýatlaryň kreditiň ortaça derejelendirmesini beýan edendigini mälim edýär. Gazet raýatlaryň 1900-den 1450 bal berendigini nygtaýar.

“Watan” gazeti: “Ogrylaryň gömen hazynasy 12 ýyl soň tapyldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Denizli walaýatyndaky gadymy Laodikýa şäherinde Dokmaçylygyň taňrysy Athenanyň we Rim taňrysy Ýanusyň heýkelleriniň kelleleriniň ýeriň 10 sm aşagynda tapylandygyny habar berýär. Gazet hünärmenleriň heýkelleriň kelleleriniň ogrylar tarapyndan gömülendir diýip çak edýändiklerini belleýär.

“Star” gazeti: “Türkçe-arapça terjimä million dollarlyk sylag” söz başyly habarynda, Kataryň ozalky emiri Şyh Hamad adyny göterýän 1 million dollarlyk halkara terjime bäsleşigiň geçirilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet şu ýyl ilkinji gezek beriljek sylag üçin sosial we gumanitar ugurlarda çap edilen türkçe-arapça terjime edilen eserleriň ýazyjylarynyň özara bäsleşendiklerini nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar