Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 25.08.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

340431
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 25.08.2015

“Ýeni Şafak” gazeti: “Öýlere hüjüm” söz başyly habarynda, markaly ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalarynyň täsiri bilen iýul aýynda 96 müň 589 öýüň satylandygyny, daşary ýurtly raýatlaryň Türkiýede ýaşaýyş jaýlaryny satyn almalaryny artdyrandygyny okyjy köpçüliginiöň dykgatyna ýetirýär. Habarda daşary ýurtlylaryň şu ýylyň başyndan bäri satyn alan jaýlarynyň sany 12 müňden hem geçenedigi bellenýär. Gazet ýaşaýyş jaýlaryň iň köp satylan welaýatlaryň Antalýa, Stambul, Ýalowa we Aýdyn bolandygyny nygtaýar.

“Watan” gazeti: “Iň köp bugaýy biz öndürdik” söz başyly habarynda, oba-hojalyk önümçiligi boýunça dünýäniň möhüm ýurtlarynyň biri bolan Türkiýede geçen ýyl däneli ekinler boýunça iň köp bugdaýyň, gök önümlerde iň köp pomidoryň, miwede bolsa iň köp üzümiň öndürilendigini ýazýar. Gazet Azyk, ekerançylyk we maldarçylyk ministrligi geçen ýyl takmynan 7,9 million gektar ýerde 19 million tonna bugaý öndürilendigini ýatladandygyny mälim edýär.

“Milliýet” gazeti: “100 km ýolda 1 liralyk ýangyç” söz başyly habarynda, Stambul tehniki uniwersitetiniň talyplarynyň Gün energiýasy toparynyň Türkiýäniň ilkinji 4 adamlyk gün energiýasy bilen işleýän “Aruna” atly ulagy ýasandygyny habar berýär. Gazet ulagyň 1 km ýolda 1 kuruşlyk ýangyç sarp edýändigine, ulagyň sagatda 70 km tizlige çykyp bilýändigine we ýakyn wagtlarda Türkiýe turuna çykjakdygyna ünsi çekýär.

“Hürriýet” gazeti: “Italiýan ady bilen marka döretdi, pul dolanşygy 40 million dollara ýetdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň zergärçilik bazarynyň tanymal adamsy Hajy Mustafa Kemeriň agtyklary Mustafa we Aýtaç Kemerler 1998-nji ýylda “Roberto Bravo” atly kärhana gurandyklaryny, kärhananayň pul dolanşygynyň häzirki wagtda 40 million dollardan geçendigini we Moskwada 10 dükanlarynyň bardygyny habar berýär.

“Sabah” gazet: “Türk gyza iň gowy aýdymçy sylagy” söz başyly habarynda, Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilen "Young Euro Classic" aýdym-saz bäsleşiginde iň gowy aýdymçy sylagynyň Hafriýat atly eser bilen Sinam Altanyň laýyk görülendigini nygtaýar.

“Haber” Türk gazeti: “Ýeşilçamyň tanymal filmleri Londonda görkeziler” söz başyly habarynda, Germaniýada ýaşaýan türk režissýor Jem Kaýanyň 'Remake, Remix, Rip-Off' atly dokumental filmleri Britaniýada görkeziljekdigini malim edýär. Gazet dokumental filmlerde Ýeşilçamyň 1970-1980-njy ýyllar aralygynda işlän režissýorlaryň, aktýorlaryň we dublýorlaryň interwýularynyň bardygyny ýazýar. Gazet filmleriň 27-31-nji awgust aralygynda geçiriljek “London Gorky filmler” festiwalynyň çäginde görkeziljekdigine ünsi çekýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar