Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 24.08.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

340122
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 24.08.2015

“Ýeni Şafak” gazeti “Zulum çekýänler türkleriň ýoluna seredýär” söz başyly habarynda, Gurban baýramyndan ozal taýarlyklaryny tamamlan Türk jemgyýetçilik guramalarynyň 3 million adama gurban etini paýlamagy meýilleşdirýäňdigini ýazýar. Gazet 23 ýyldan bäri yzgiderli häsýetde kömek berilýän adamlaryň türk jemgyýetçilik guramalarynyň ýoluna seredýänbdigine ünsleri çekýär. İHH, Türkiýe Diýanat gaznasy, Çäre we Arkalaşyk jemgyýeti, Kömek eli jemgyýeti ýaly guramalaryň ilkinji nobatda içerki uruşdan ejir çekýän ýurtlara kömek berýär. 

“Sabah” gazeti “Soňky ýörüklere döwlet kömek edýär” söz başyly habarynda, Türkiýede ýüzlerçe ýyldan bäri dowam etdirilýän çarwalyk däbiniň agyr şertler sebäpli ýitip barýandygyny ýazýar. Gazet Türkiýede sosial we ykdysady şertleriň özgermegi bilen esasy bölegi oturymly ýaşaýyşa geçen ýörükleriň medeniýetiň soňky wekilleri bolan sarygeçilileriň däp-dessurlaryny dowam etdirmek üçin jan edýändigini, Daşky gurşaw ministrliginiň 200 hojalykdan ybarat bolan sarygeçili ýörükleri üçin ýörite ýer berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “MİT-iň sanawyndaky üç türk” söz başyly habarynda, Massaşutes institute of tehnologi Teh rewiewiň her ýyl dünýäde ussat alymlaryň sanawyny çap edýäňdigini nygtaýar. Habarda 2014-nji ýylda şol sanawa Türkiýeden degişli bolan ýeke-täk alymyň Derýa Kuzumdygy ýatladylýar. Gazet 5 ugurda taýarlanan 2015-nji ýyldaky sanawda Türkiýeden 3 alymyň orun eýeländigini ýazýar.
“Hürriýet” gazeti “15 minutda Gözdepe” söz başyly habarynda, Aziýa we Ýewropa kontinentlerini deňiziň aşagyndan birleşdirip, garaýoly arkaly geçişi üpjün etjek Ýewraziýa geçelgesi taslamasynda tunel gazuw işleriniň tamamlanandygyny, Bosfor bogazynyň aşagynda 3344 metrlik gazuwyň geçirilen taslamasynyň 100 minutly ýoly 15 minuda düşürjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Milliýet” gazeti “Kazanda kosmos bäsleşigi” söz başyly habarynda, ýyllyk iş mümkinçiligi 2 milliard dollara barabar bolan Ankara Kosmos we awiasiýa üpjünçiligi guramaçylyk senagat zolagynda orun eýelemek üçin 104 firmanyň 1 million inedördül metrlik talap bildirendigini, 370 müň inedördül metr üçin bolsa tölegleriň geçirilendigini mälim edýär.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar