Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 22.08.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

338046
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 22.08.2015


“Ýeni Şafak” gazeti “Sermaýa Türkiýä gelýär” söz başyly habarynda ösen bazarlarda 13 aýda 1,17 trillion dollarlyk sermaýanyň basga ýurtlara gönügendigini ýazýar.
Gazet Türkiýäniň bolsa ady agzalýan döwürde maýadarlaryň ünsüni özüne çekmäge dowam edýändigini nygtaýar.
Gazet merkezi Londonda ýerleşýän GrossBorder Kapitalyň müdüri Howell sermaýanyň täsin ýagdaýda Türkiýä gönügendigi hakyndaky sözlerine ýer berýar.
Gazet Howelliň 13 aýda 34 milliard dollarlyk sermaýanyň Türkiýä gelendigi barada öwgüli sözler aýdandygyny belleýär.

“Haber Türk” gazeti “Türk kärendeçisiniň girdejisi 43 göterim artdy” söz başyly habarynda Halkara gurluşyk pudagynyň ENR žurnaly tarapyndan her ýyl taýarlanýan “Dünýäniň iň uly 250 kärendeçisi” sanawynda türk firmalarynyň ikinji orny eýeländigini habar berýär.
Gazet sanawda Türkiýeden 43 firmanyň ýer alýandygyny ýatladýar.
Gazet Yragyň we Liwiýanyň bazarlaryndaky kynçylyklara we Russiýadaky durgunlyga garamazdan türk firmalarynyň girdejisiniň 43 göterim artyp 29 milliard dollara barabar bolandygyny belleýär.

“Sabah” gazeti “Moskwada uly metjit açylar” söz başyly habarynda türk firmasy tarapyndan Russiýanyň paýtagty Moskwada gurluşygy dowam edýän we 10 müň adama hyzmat etjek metjidiň 23-nji sentýabrda Gurban baýramynyň öňüsyrasynda dabaraly ýagdaýda açyljakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet metjidiň açylyş dabarasyna Russsiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Prezident R. T. Erdoganyň hem gatnaşjakdygyny ýazýar.
Gazet 1905-nji ýylda gurlan metjidiň ýerine gurlan metjidiň 2014-nji ýylda türk Monart firmasy tarapyndan ýaňadandan gurulmaga başlanandygyny nygtaýar.

“Watan” gazeti “7 aýda 40 müň täze firma açyldy” söz başyly habarynda täze açylan firmalaryň sanynyň iýul aýynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 8,94 göterim artyp 4 müň 705-e ýetendigini, ady agzalýan döwürde ýapylan firmalaryň sanynyň 3,54 azalyp 873-e çenli aşaklandygyny ýazýar.
Gazet Türkiýäniň Biržalar we palatalar bileleşiginiň görkezijilerine görä ýanwar-iýul aýlaryny öz içine alýan döwürde täze 40 müň 385 firmanyň açylandygyny nygtaýar.


“Milliýet” gazeti “Ýüzükleriň efendisi Frodo Antalýada agaç ekdi” söz başyly habarynda Dünýäde tomaşa edilmegi taýdan uly rekord goýan Ýüzükleriň efendisi filminde Frodo Baggins roly bilen meşhurlyk gazanan amerikaly aktýor Eližah Woodyň EXPO 2016 Antalýa meýdanyna 15 müňinji agajy ekendigini mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar