Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.08.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.08.2015

“Ýeni Şafak” gazeti: “Daşary ýurtly banklar Türkiýäni isleýär” söz başyly habarynda, Bank işlerini düzgünleşdirme we gözegçilik etme guramasynyň başlygy Mehmet Ali Akbeniň daşary ýurtly maýadarlaryň Türkiýäniň bank pudagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtap: “Örän uly banklar bank bazarymyza girmek isleýärler” diýendigine ünsi çekýär.

“Star” gazeti: “Maliýe guramalaryň umumy aktiwleriniň jemi 88,6 milliard lira” söz başyly habarynda, Maliýe guramalar bileleşiginiň başlygy Osman Zeki Özgeriň lizing, faktoring we maliýeleşdirme pudagynyň 2015-nji ýylyň 30-njy iýunyndan başlap umumy aktiwleriniň jemi, 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende 26,6 göterim artyp, 88 milliard 615 million lira ýetendigini aýdandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti: “Metro market Türkiýä 5 Stevie sylagy” söz başyly habarynda, Metro lomaýlaýyn satuw market Türkiýäniň dünýäniň iň tanymal guramalarynyň biri bolan “The Stevie Awards 2015” (Halkara iş sylaglary) guramasy tarapyndan 4 tapawutly ugurda 2 altyn we 3 bürünç jemi 5 sylaga laýyk görülendigini habar berýär. Gazet Metro lomaýlaýyn satuw market Türkiýäniň baş müdüri Kubilaý Özerkanyň: “Taslamalarymyza dowam ederis” diýendigini belleýär.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Somunju Baba dini yşgyň ýolagçysy” söz başyly habarynda, mundan ozal “Ýunus Emre yşgyň sesi” we “Möwlana yşgyň tansy” ýaly filmleri alan režissýor Kürşat Kyzmazyň täze filminiň Osmanly türkmen döwletiniň gurluşy zamanynda ýaşap geçen sopy we alym Somunju Babanyň ömri döredijiligi barada boljakdygyny ýazýar. Gazet filmde Somunju Babanyň ýaşlyk ýyllaryndan başlap dini yşgy gözleýşi barada boljakdygyny nygtaýar.

“Sabah” gazeti: “Ezel indi bolsa Günorta Amerikada” söz başyly habarynda, geçen ýyl 200 million dollar eksport eden türk kino seriallaryň mundan beýläk ylalaşyklary hem lomaýlaýyn baglaşýandygyny habar berýär. Gazet Ezel serialynyň 370 million ilatly 8 Günorta Amerika ýurtlarynda görkeziljekdigini ünsi çekýär. Habarda Golliwudyň režissorlarynyň hem halan türk serialy Ezeliň geçen ýyl kinomotografiýanyň Aziýadaky watany bolan Hindistana ýetendigi we Bollywudyň Ezeli ýaňadandan düşürjekdigi bellenýär.

“Watan” gazeti: “Germaniýada 2015-nji ýylyň iň gowy ýazyjysy türk” söz başyly habarynda, Germaniýada asly türk bolan Feridun Zaimoglunyň nemes dilinde çap edilen romanynyň 2015-nji ýylyň iň gowy romany hökmünde saýlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ýazyjy Feridun Zaimoglunyň tanymal ýazyjylar bilen birlikde “Mähelläniň ýedi diňi” atly eseri bilen bäsleşige gatnaşandygy mälim edilýär.

“Haber Türk” gazeti: “30 firma forma geýdi” söz başyly habarynda, Super liganyň 2-nji hepdesinde häzirki wagta çenli 30 firmanyň öz reklamasy üçin kluplar bilen ylalaşandygyny habar berýär. Gazet 3 uly klub bilen şu wagta çenli 23,9 million dollarlyk ylalaşylandygyny we iň köp ylalaşyk 11,2 million dollar bilen Fenerbahçe kluby bilen gazanylandygyny nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar