Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.08.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

333929
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.08.2015

“Sabah” gazeti “Erdogan: 2 aý möhletli hökümet bilen saýlaw geçiriler” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Prezidentiň saçagynda hezzetlenen ýazyjydyr şahyrlara täze etap barada maglumat berendigini ýazýar. Gazet Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdaroglyna hökümeti gurmak üçin jogapkärçilik bermejekdigini nygtan Prezident Erdoganyň “2 aý möhletli hökümet bilen saýlaw gçeiriler” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Erdoganyň 23-nji awgustdan soň Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Ahmet Dawutoglyna wagtlaýyn hökümeti gurmak üçin jogapkärçilik bermegine garaşylýar.
“Star” gazeti “Eksport 7 aýdan soň ösüş edýär” söz başyly habarynda, eksportyň 7 aýdan bäri dowam edýän aşaklamadan soň 17-nji awgustdan başlap 5 göterime barabar artandygyna ünsleri çekýär. Habarda esasy eksport bazary bolan ÝB-ne agza ýurtlara edilýän eksportyň 4, Demirgazyk Amerika 7, Ýakyn Gündogar ýurtlaryna edilen eksportyň bolsa 16 göterime barabar artandygy nygtalýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Walýuta kurslarynyň ýokarlamagy esassyz” söz başyly habarynda, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçiniň Amerikan dollarynyň kursynyň ýokarlamagynyň dolulygyna myş-myşlara esaslanýandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Haber Türk” gazeti “Türk firmasy jinsi mata senagatyny ugrukdyrar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň belli žinji mata öndürüjisi we eksportçysy bolan firmalardan biriniň dünýä boýunça ýaşlaryň halaýan žinji modellerini sosial media arkaly seljerip, şoňa laýyklykda haryt öndürmek üçin “IBM” bilen ylalaşandygyny, “IBM”, “Facebook” we “twitter” bilen gazanylan ylalaşygyň çäginde sosial mediada seljeriş geçirjek we dünýädäki halanýan žinsi modellerini kesgitlejekdigini ýazýar.
“Milliýet” gazeti “Türkiýe Hindistandan syýahatçy çekmek üçin işe girişdi” söz başyly habarynda, Türk syýahat gulluklary bileleşiginiň we Türk howaýollarynyň oktýabr aýynda Hindistanyň esasy şäherlerinden ikisinde syýahatçylyk pudagy boýunça işjeň maslahat geçirjekdigini mälim edýär. Habarda işjeň maslahatda Türkiýäniň tebigy, taryhy we medeni gymmatlyklarynyň tanyşdyryljakdygy nygtalyp, Hindistanyň soňky ýyllarda ykdysady ösüş taýdan durnukly we kadaly syýasat alyp barýandygy, halkyň hem daşary ýurtlara köp syýahat edýändigi barada aýdylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar