Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.08.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

330944
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.08.2015

“Ýeni Şafak” gazeti: “Banklar girdeji boýunça çempion” söz başyly habarynda, Stambulyň biržasynyň üsti bilen iş alyp barýan depozit banklaryň ýylyň ilkinji ýarymyndaky arassa girdejileriniň 4,76 göterim artyp, 8 milliard 946 million lira barabar bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet banklaryň aktiw jemleriniň hem geçen ýylyň ahyry bilen deňeşdirilende 10,7 göterim artyp, 1 trillion 472 milliard dollara ýetendigini we iň köp girdeji alan bankyň “Iş banky” bolandygyny belleýär.

“Star” gazeti: “THÝ-dan 6 aýda 1 milliard girdeji” söz başyly habarynda, 2015-nji ýylda 5-nji gezek Ýewropanyň iň gowy howa ýollary hökmünde saýlanan THÝ-nyň petek satuwlaryndan şu ýylyň ilkinji 6 aýynda 12,3 milliard lira girdeji alandygyny, 1 milliard 35 million lira bolsa arassa girdeji alandygyny mälim edýär. Habarda şeýle hem şu ýylyň ilkinji ýarymynda uçarlaryň dolulyk derejesi 10,1 göterim artyp, 77,8 göterime barabar bolandygy ýazylýar.

“Hürriýet” gazeti: “Howada tehniki hyzmatdaşlyk” söz başyly habarynda, Türkiýäniň awiasiýasy we kosmos senagaty kärhanasy TAI-niň 2013-nji ýylda dünýäniň iň uly uçar öndüriji kärhanasy bolan şwesiýaly “Saab” kärhanasy bilen tehniki hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyga gol çekişendigini habar berýär.

“Milliýet” gazeti: “Maksat 3 ýylda 250 müň adam” söz başyly habarynda, Türk Ýarym gyzylaý jemgyýetiniň başlygy Lütfi Akaryň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýogyn düýpli öýjügiň bankyny gurmak üçin taýarlan tasalamasynyň çäginde ilkinji ýylda 50 müň bagyşçydan öýjük almagy maksat edinilendigini, emma 7 aýda 60 müň adamdan alynandygyny aýdandygyna ünsi çekýär. Gazet Akaryň 3 ýylyň dowamynda ýogyn düýpli öýjügiň bankyny 250 müňe ýetirmek üçin işler alyp barýandyklaryny aýdandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti: “Öý satyn alan daşary ýurtly pensionerlere 2 ýyl möhletl bilen ulag ýeňilligi” söz başyly habarynda, pensiýa çykanyndan soň Türkiýede öý satyn alyp ýaşaýan daşary ýurtly adamlar üçin ulag babatynda ýeňillik döredilendigini mälim edýär. Gazet öz ýurtlaryndan getiren ulaglaryny ozal ýylda 1 gezek daşary ýurda çykarmak wajyplygy bolan bolsa, indi ol möhlet 2 ýyla çykarylandygyny nygtaýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “TDV-den Kerküge göçme kitaphana” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Diýanat gaznasynyň ýardam bermeginde Yragyň Kerkük şäherinde göçme kitaphananyň açylandygyny belleýär. Gazet “Ikra mobil kitaphana” atly göçme kitaphanada türk, arap we kürt dillerinde kitaplaryň bardygyna, kitaplaryň esasan hem başlangyç we orta synplarda okýan okuwçylar üçin niýetlenendigine ünsi çekýär.

“Milliýet” gazeti: “Ýaşlar dünýä çempiony” söz başyly habarynda, Türkiýede 16 ýyl ozal oýnalmaga başlanan suwasty hokkeýinde türkiýeli 23 ýaşdan kiçi ýaşlaryň uly üstünlik gazanandygyny mälim edýär. Gazet ýaşlaryň Ispaniýada geçirilen “Suwasty hokkeý boýunça 23 ýaşdan kiçileriň bütindünýä çemponatynda” 1-nji oruna mynasyp bolandygyny habar berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar