Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 15.08.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

328432
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 15.08.2015


“Ýeni Şafak” gazeti “Milletçi hereket partiýasyna 3 teklip” söz başyly habarynda koalisiýa hökümetiniň gurulmagy üçin Respublikan halk partiýasy bilen geçirlen gepleşikerden netije alyp bilmedik Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň duşenbe güni sagat 14.00-da Milletçi hereket partiýasynyň lideri Dewlet Bahçeli bilen duşuşjakdygyny ýazýar.
Gazet Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy we Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Dewlet Bahçelä 3 teklip hödürlejekdigini belleýär.
Gazet Dawutoglynyň ilkinji nobatda Bahçelä möhleti çäklendirlen özgertmeler hökümetiniň gurulmagyny teklip etjekdigini nygtaýar.
Gazet Premýer ministr Dawutoglynyň Bahçeli teklini kabul etmän halatynda gysga möhletli saýlaw hökümetiniň ýada azlyk hökümetiniň gurulmagyna goldaw berilmegini islejekdigini ýatladýar.
Gazet Ahmet Dawutoglynyň Bahçelä häzirki hökümet bilen saýlaw geçirilmegini hem teklip edip biljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Milliýet” gazeti “Türkiýäniň elektrik togynyň 1- göterimi Göýnükden” söz başyly habarynda Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzyň ýerli tebigy baýlyklar sebäpli Türkiýäniň daşary ýurda elektrik togy üçin töleýän pulynyň azaljakdy hakyndaky sözlerine ýer berýär.
Gazet ministr Ýyldyzyň Aksa Energetikanyň Göýnükdäki elektrik togy desgasyndan elektrik togyny öndürjekdigine we döwlet hökmünde 20 ýylda 1,5 milliard liralyk girdeji gazanjakdyklaryna aýratyn ünsi çekendigini belleýär.
Gazet Taner Ýylydyzn “şeýlelikde desga arkaly her ýyl daşary ýurda 100 million dollara golaý has az pul töläris” diýen sözlerine ünsi çekýär.

“Star” gazeti “Gürjistan bilen söwda gatnaşyklarymyz güýçlendirler” söz başyly habarynda Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň başlygy Ömer Jihad Wardan bilen Türkiýäniň Gürjistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly baş ilçisi Zeki Lewent Gümrükçüniň Gürjistanyň Oba hojalyk ministri Otar Danelia tarapyndan kabul edilendigini ýazýar.
Gazet duşuşykda Gürjistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürilmegi bilen iki ýurduň arasyndaky oba hojalyk mümkinçilikleri meselesine garalandygyny belleýär.

“Hürriýet” gazeti “Amerikalylar Türkiýede uly firma bilen şärikdeş boldy” söz başyly habarynda Goldman Şas firmasynyň SOKAR Türkiýe bilen şäriklik şertnamasyny baglaşandygyny ýazýar.
Gazet SOKAR Türkiýäniň başlygy Kenan Ýawuzyň Goldman Şas bilen bilen şäriklik şertnamasyny baglaşandyklary hakyndaky sözlerine ýer berýär.

“Watan” gazeti “45 ýaşynda ýüzmäge başlady we 50 ýaşynda deňizi geçdi” söz başyly habarynda İzmirli biohimiýa hünärmeni Rengin Börekçiniň uly üstünlik gazanandygyny habar berýär.
Gazet iki çaganyň ejesi Rengin Börekçiniň Manş deňzini geçen ilkinji türk zenan komandasynda ýer alyp adyny taryhda öçmejek yz galdyrandygyny ýatladýar


Etiketkalar:

Degişli Habarlar