Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.08.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

327070
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.08.2015

“Ýeni Şafak” gazeti: “Infrastruktura taýar” söz başyly habarynda, Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD-yň we 6 ministrligiň howpsyz zolagyň infrastrukturasyny maslahatlaşmak üçin jemlenendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet maslahatda siriýalylaryň gündelik ýaşaýyşlaryny ähli amatlyklar bilen dowam etdirmekleri üçin ähli zady jikme-jik ara alyp maslahatlaşylandygyny nygtaýar. Habarda howpsyz zolakda ilkinji nobatda Türkiýedäki ýaly çadyr şäherleriň guruljakdygy, saglyk we bilime uly ähmiýet beriljekdigi bellenýär.

“Star” gazeti: “Türkiýe özüniň bulut ulgamyny öndürer” söz başyly habarynda, Transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministrliginiň ýerli “Saklaýyş” ulgamy üçin ylmy derňew işlerini başladandygyny mälim edýär. Gazet “Apple”-iň ‘I cloud’ ulgamyna alternatiwa hökmünde öndüriljek bolan ýerli ‘Zero Client’ ulgamynyň programma üpjünçiliginiň türk inženerleri tarapyndan ýasaljakdygyny ýazýar. Habarda ulagymyň diňe ýerli ykjam telefonlarda we planşetlerinde ulanylman, eýsem daşary ýurtlarada satyljakdygy nygtalýar.

“Milliýet” gazeti: “Tekno lotereýa” söz başyly habarynda, bölek-bölek ulanylyşa berilýän Teknopark sebäpli ençeme kärhananyň Körtköýe gönügendigini habar berýär. Gazet kärhanalaryň aglabasynyň bolsa öz işgärlerini getirmek üçin ýerleri kireýine ýa-da satyn alýandyklaryny belleýär. Habarda bir gezekde 100 otag satyn almak isleýän kärhanalaryň hem bardygy nygtalýar. Gazet 2 milliard dollarlyk maýa goýum bilen durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän Teknoparkta 1 müň firmada 30 müňden gowrak adamyň işlejekdigine ünsi çekýär.

“Sabah” gazeti: “THÝ LOT bilen hyzmatdaşlyk eder” söz başyly habarynda, Türk howa ýollary bilen Polşanyň howa ýollary LOT-yň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk ediljekdigi we şoňa baglylykda iki tarapyň maksat mektubyna gol çekişendiklerini habar mälim edýär. Gazet beýanatda “Iki howa ýolunyň gol çekişen maksat mektubyna görä kärhanalar Polşa, Türkiýe we beýleki ýurtlary hem öz içine alýan bazarlarda söwda gatnaşyklaryny giňeltjekdigini” nygtalýandygy aýdylýar.

“Hürriýet” gazeti: “Sungata bolan garaýşyňyzy düýbinden üýtgediň” söz başyly habarynda, ozal Dali, Rodin, Miro, Monet ýaly tanymal sungat adamlarynyň eserleriniň sergilenen ýeri bolan Sakyp Sabanjy muzeýinde bu gezek Zero ugrynyň sungat adamlarynyň eserleriniň sahnalaşdyryljakdygyny habar berýär. Gazet Akbank Sungatyň goldaw bermeginde 2-nji sentýabrda açyljak sergide Zero ugrynyň döredijileri bolan Heinz Makyň, Otto Pieneniň, Günter Uekeriň 100-den gowrak eserleriniň sergilenjekdigine ünsi çekýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar