Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.08.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

324219
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.08.2015

“Star” gazeti: “Ýerli ulag howpsyz we az ýangyç sarp eder” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýerli ýeňil ulagynyň şu aý, SUV model ulaglarynyň bolsa sentýabr aýynda tanyşdyryljakdygyny mälim edýär. Habarda ulaglaryň barlaglardan geçirilenden soň, öndürilmäge başlanjakdygy ýazylýar. Gazet hem elektrik togy bilen, hem benzin bilen hem-de dizel ýangyjy bilen işlejek ulaglaryň 100 km ýolda 2 litr ýangyç sarp etjekdigine ünsi çekýär. Gazet ulaglaryň howpsyzlyk babatynda bolsa dünýä markalary bilen bäsleşip biljekdigini belleýär.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Gurluşykçylar Keniýa gönükdi” söz başyly habarynda, türkiýeli eksportçylaryň şu ýyl ykdysadyýetiniň iň köp ösmegine garaşylýan Kenýa gönügendigini habar berýär. Gazet Keniýanyň hökümetiniň ýylda 250 müň ýaşaýyş jaýyny gurdurmagy meýilleşdirýändigini we şol sebäpli türk işewür adamlaryň 1-4-nji sentýabr aralygynda maslahatlaşmak üçin Kenýa gitjekdigini nygtaýar. Habarda “Bloomberg” tarapyndan geçirilen derňewe görä Keniýanyň 2015-nji ýylda iň çalt ösýän 3-nji ýurt boljakdygyny aýdýar.

“Watan” gazeti: “Şu ýyl festiwal örän şowhunly geçer” söz başyly habarynda, 11-nji D-Marin Turgutreis Halkara nusgawy aýdym-saz festiwaliniň 15-19-nji awgust aralygynda geçiriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet festiwaliň çäginde Bodrum galasynda ýörite konsert boljakdygyny belleýär. Habarda tanymal gerk aýdymçy Eleni Karaindrounyň ilinji gezek D-Marin Turgutreis Halkara nusgawy aýdym-saz festiwalinde 16-njy awgustda çykyş etjekdigine ünsi çekýär.

“Haber Türk” gazeti: “23 million ýyllyk daşa öwrülen agaç sergilener” söz başyly habarynda, Gökçeadada tapylan we bölekleri 23 million ýyl ozala degişli bolan daşa öwrülen agajyň sentýabr aýynda zeýtun ýag öndürilen fabrikanyň muzeýe öwrülip ol ýerde sergilenjekdigini mälim edýär. Gazet gadymy agajyň bölekleriniň ençeme ýyl ozal ada ýerleşen Nusret Awjy tarapyndan tapylandygyny, Awjynyň bölekleri tapanyndan soň, derňelmegi üçin Stambul uniwersitetine berendigini we barlaglaryň netijesinde agajyň 23 million ýyllyk taryha eýedigini anyklanandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti: “Ýeke gezek hem ýeňilmän dünýä çempiony boldy” söz başyly habarynda, Monte Karloda her ýyl 200-den gowrak ussadyň gatnaşmagynda geçirilýän Bütindünýä şeşebeş çempionatynda ilkinji gezek bir türküň çempion bolandygyny habar berýär. Gazet Ali Jihangiriň bäsleşikde 8 gezek üstün çykyp, finalda russiýaly Ýerokhini ýeňendigini nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar