Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 11.08.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

322596
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 11.08.2015

“Star” gazeti: “Türkiýäniň ykdysadyýeti ägirtleriň arasynda” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ykdysadyýetiniň barha ösýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet merkezi Singapurda ýerleşýän “The Strait Times” gazediniň ýewropaly redaktory Jonatan Eýalyň Türkiýäniň ykdysadyýetiniň soňky ýyllarda global ägirtleriň hataryna girendigini aýdandygyna ünsi çekýär. Habarda Eýalyň: “Türkiýäniň jemi içerki önümi soňky 10 ýylda 303 milliard dollardan 820 milliard dollara çykdy we dünýäniň iň uly 17-nji ykdysadyýetine eýe boldy. Häzirki wagtda 15 müňden gowrak türk kärhanasy global bazarda iş alyp barýar” diýendigi bellenýär.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Eksport rekord derejä ýetdi” söz başyly habarynda, şu ýylyň ilkinji 7 aýynda aýakgap eksportyň 427,5 million dollara ýetendigini mälim edýär. Habarda aýakgabyň esasan hem Eýrana, Gollandiýa we Birleşen Arap Emirliklerine eksport edilýändigi nygtalýar. Gazet 7 aýda Gollandiýa edilýän eksportyň 197 göterime, Birleşen Arap Emirliklerine edilýän eksportyň 157,4 göterime we Eýrana edilýän eksportyň 111 göterime ýetendigini ýazýar.

“Watan” gazeti: “Ikinjisi Rize-Artwin üçin gurulýar” söz başyly habarynda, Türkiýede deňiziň üsti doldurylyp guruljak Rize-Artwin howa menziliniň 3 müň 200 metr uzynlygyndaky esasy böleginiň buraw işleriniň tamamlanandygyny habar berýär. Gazet howa menziliň kenardan 1 km uzaklykda guruljakdygyny, uçuş zolagynyň 32 metr çuňlugynda boljakdygyny we ol ýere 100 million tonna daş döküljekdigine ünsi çekýär. Habarda howa menziliniň gurluşygynyň tamamlanan wagtynda ýylda 900 müň ýolagça hyzmat berjekdigi bellenýär.

“Sabah” gazeti: “Türkiýeli işewür adamdan kitap ýuwýan enjam” söz başyly habarynda, ýylda 480 million kitap çap edilýän Türkiýäniň dünýäde kitap çap etmek boýunça 13-nji orundadygyny nygtaýar. Habarda ýurduň 1112 kitaphanasynda 16 million kitabyň bardygy ýazylýar. Gazet işewür zenan Çagla Ajaryň Türkiýäniň ilkinji kitap ýuwýan enjamyny satuwa çykarandygyny, ‘Book Shower’ atly enjamyň kitaplardaky tozany we bakteriýalary 1-2 minutda arassalaýandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti: “1800 ýyl ozal doly gurulyp gutarylmadyk ybadathana abatlanýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Mugla welaýatynyň Milas etrabynda ýerleşýän gadymy Euromos şäherindäki Zeus Lepsynos ybadathanasynyň abatlanmaga başlanandygyny habar berýär. Gazet 1800 ýyl ozal ykdysady çökgünlik sebäpli doly gurulyp gutarylmadyk diýip çak edilýän gadymy ybadathanada Türkiýeden, Fransiýadan we Italiýadan gelen 6 hünärmeniň ylmy-derňew işleri geçirmäge başlandygyny belleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar