Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 03.08.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan uğurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

312916
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 03.08.2015

“Ýeni Şafak” gazeti “Marmara tebigy gaz üçin işe girişdi” söz başyly habarynda, Marmara sebitindäki tebigy gaz känleriniň kesgitlenmegi we onuň ýurduň ykdysadyýetinde peýdalanylmagy maksady bilen Kyrklareli welaýatynda täze tebigy gaz guýusynyň açyljakdygyny ýazýar. Gazet 112 gün dowam etjek gurawlaýyş işleriniň çäginde 5 müň inedördül metr giňlikde tebigy gazyň gözlenjekdigini mälim edýär.
“Watan” gazeti “Türk önümi “Toýota” 50 müňlik rekord gelýär” söz başyly habarynda, “Toýota Türkiýäniň” 2015-nji ýyl üçin kesgitlän 42 müň sany satuw maksadynyň 50 müňe göterilendigini, firmanyň ýolbaşçysy Ali Haýdar Bozkurdyň “Ýerli Korollanyň” goşandy bilen taryhy rekord goýarys” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Milliýet” gazeti “Titana ýol açyň” söz başyly habarynda, dünýä belli markalaryň žantlaryny we tigirlerini öndürýän 502 million bazar gymmatyna eýe Amerikan firmasy “Titanyň” Türkiýede maýa goýumlaryny artdyrmak barada netijä gelendigini mälim edýär.
Habarda Aýdyn welaýatynda ýerleşýän žant öndüriji desgasynyň göwrümini giňeltjek “Titanyň” Gündogar Ýewropada we Russiýada pozisiýasyny güýçlendirmegi maksat edinýändigi nygtalýar.
“Watan” gazeti “Himiýa boýunça dünýä çempiony” söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen 47-nji Halkara himiýa olimpiadasyna gatnaşan Ýalçynyň altyn medal almaga hukuk gazanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “Çişiklere we garaýagyzlara esasan D witamini” söz başyly habarynda, D witamini ýetmezçiliginiň esasan çişik adamlarda, garaýagyzlarda we garrylarda görülýändigini, ak tenlileriň günde 15 minut, garaýagyzlaryň 30 minut güne çykmagynyň maslahat berilýändigine üns çekilýär.
Gazet biohimiýa hünärmeni doktor Kemal Nazaroglynyň ýetmezçiligi köp sanly hassalyga sebäp bolýan D witamini barada giňişleýin maglumat berilmeliginiň ähmiýetini nygtaýandygyny ýazýar.
“Star” gazeti “Soňky hat” İýerusalimde” söz başyly habarynda, İýerusalimde “1915-nji ýylyň 18-nji martynda gazanylan Çanakgala deňiz ýeňişi” baradaky “Soňky hat” atly çeper filmiň görkezilendigini mälim edýär. Habarda filmiň tomaşa edenlerde uly täsir galdyrandygy nygtalýar.
“Hürriýet” gazeti “Wenesiýa film festiwalynda bäsleşer” söz başyly habarynda, Muhammet Uzuneriň oýnan iňlis filmi “Ýagty Ýyl” atly filmiň sentýabr aýynyň 2-12-si aralygynda geçiriljek 72-nji Wenesiýa film festiwalynda bäsleşjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Milliýet” gazeti “Türk dedektiwi höweslenme bildirilýänleriň sanawynda” söz başyly habarynda, Germaniýanyň meşhur dedektiwlerinden biri bolan Tamer Bakineriň 2015-nji ýylda satuwa çykarylan “Hakyky awçy” atly kitabynyň uly isleg bildirilýän sanawynda 10-njy orny eýeländigini ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar