Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.07.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

308116
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.07.2015

“Sabah” gazeti: “Ägirt tasalamalar üçin ajaýyp teklip” söz başyly habarynda Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Hytaýa guran saparynda ägirt uly teklipleriň gün tertibine gelendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Kanal Stambul taslamasy bilen birlikde köp sanly taslamany Hytaýyň firmalary ýarym bahasyna gurmak üçin teklip edendigini belleýär.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Hytaý erkin söwda zolagyny döredeli” söz başyly habarynda, Türkiýäniň we Hytaýyň arasyndaky söwdanyň kuwwatyny artdyrmak üçin 3 ýyllyk “Hereket meýilnamasy” işlenip taýarlanmaga başlanandygyny mälim edýär. Gazet Türkiýede Hytaýyň kärhanalarynyň her dürli söwda we öndürjilik işlerini ýerine ýetirip bilmekleri üçin Hytaý erkin söwda zolagynyň döredilmegi üçin teklip hödürlän Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň öndürijilikde we energetikada Hytaý kärhanalaryny mýa goýmaga çagyrandygyny belleýär.

“Star” gazeti: “Bar Rafaeli Lalelä gelýär” söz başyly habarynda, Laleli Senagat we işewür adamlar jemgyýeti tarapyndan şu ýyl 4-nji gezek geçirilýän “Laleli Fashion Shopping” festiwalyna dünýäniň tanymal modaçysy Bar Rafaeliniň geljekdigini habar berýär. Gazet tanymal Bar Rafaeliniň 24-30-njy awgust aralygynda geçiriljek 4-nji “Laleli Fashion Shopping” festiwlynyň çäginde 25-nji awgustda Lalelide geçiriljek moda görkezilişinde podýuma çykjakdygyny belleýär.

“Hürriýet” gazeti: “Tom Hanks we aýaly Rita Wilson Bodrumda” söz başyly habarynda, Britaniýnyň iň gurply zenan aýallarynyň biri bolan asly grek 58 ýaşyndaky Elena Ambrosiadounyň dünýäniň uň uzyn ýelkenli gämisi “The Maltese Falcon”-yň 8 gün soň, ýaňadandan Bodruma gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Elena Ambrosiadounyň gämisi “The Maltese Falcon”-yň 2006-njy ýylda Stambulyň Tuzla etrabynyň Ýyldyz gämi ussahanasynda 200 adamlyk topar tarapyndan gurulmaga başlanandygyny we 3 ýylyň dowamynda dolulygyna gurulyp gutarylandygyny ýazýar.

“Milliýet” gazeti: “Ruslar gelmedi nemesler hüjüme geçdi” söz başyly habarynda, Russiýadan Türkiýä dynça almaga gelýän syýahatçy sanynyň şu ýyl geçen ýyla garanyňda 25 göterim azalandygyny mälim edýär. Gazet şu ýyl gelip bilmedik ruslaryň ýerine nemesleriň gelendigine ünsi çekýär. Habarda şu ýyl Germaniýadan Türkiýä gelen syýahatçy sanynyň geçen ýyla garanyňda 11 göterim, Eýrandan dynç almaga gelen syýahatçylaryň sanynynň 8 göterim we Hytaýdan gelen sýyahatçy sanynyň 61 göterim artandygyny nygtaýar.

“Haber Türk” gazeti: “2 esse ýer talap geldi” söz başyly habarynda, Çempionlar ligasynyň 3-nji saýlama tapgyrynda Ukrainanyň Şahtýor Donetsk futbol komandasy bilen deňme-deňe galan Fenerbahçeniň 5-nji awgustda Lwow şäherinde geçiriljek 2-nji oýunynda 1745 janköýeriniň ýerine 4 müň janköýeriň gitjekdigini habar berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar