Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.07.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

306663
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.07.2015

“Star” gazeti: “Döwlet işgärleri, telekeçiler we ekerançylar terrorçylygy näletlediler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň döwlet edaralarynda işleýän adamlara we önümçilik pudagynda işleýän adamlara wekilçilik edýän 8 özbaşdak guramanyň wekilleri Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen duşuşyp, terrorçylygy garşy doly goldaw berýändiklerini aýdandyklaryny nygtaýar. Gazet berilen umumy beýanatda: “Döwletiň howpszylygy üpjün edilmese öndürjilik, söwda, özegerilişik bolmaz we iş ýerler azalar. Raýatlarymyza howpsyzlygy we asudalygy üpjün etmek üçin hökümetiň alýan çärelerine doly goldaw berýäris. Döwlet işgärleri, telekeçiler we ekerançylar terrorçylyga garşy geçirilýän operasiýalara doly goldaw berýär” diýip aýdylýandygyny belleýär.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Bosgunlar üçin 16 sany täze merkez” söz başyly habarynda, bikanun ýollar bilen Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa gitmek isleýän bosgunlaryň sanynyň gün saýyn köpelýändigini we şol sebäpli täze merkezleriň açyljakdygyny mälim edýär. Gazet şol çäkde Edirne we Balykesir welaýatlary bilen birlikde ýene-de birnäçe welaýatda 16 merkeziň guruljakdygyny ýazýar.

“Watan” gazeti: “Ahyryna ýetildi” söz başyly habarynda, Ýawuz Soltan Selim atly 3-nji köpriniň gurluşygynda iki diňiň arasyndaky kabeliň çekilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet resmileriň esasy kabeliň çekilendigini we indi işçileriň we inženerleriň şol kabeliň üstünden iki tarapa hem geçip bilýändiklerini aýdandygyny habar berýär.

“Milliýet” gazeti: “Gong şüweleňi” söz başyly habarynda, dünýäniň ähli ýerinde biržalaryň açylmagy we ýapylmagy, ýurtlarda we kärhanalarda ýörite günlerde geçirilýän dabaralaryň başlanmagy biržadaky gongyň çalynmagy bilen yglan edilýändigini mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti: “Edinburgda ilkinji türkçe oýun” söz başyly habarynda, Şotlandiýada şu ýyl 68-nji gezek geçirilýän dünýäniň iň tanymal sungat festiwallaryndan biri bolan Edinburg festiwalynda ilkinji gezek türk dilinde ýerine ýetirilýän oýunyň sahnalaşdyryljadygyny habar berýär. Gazet Haýal Perde tarapyndan sahnalaşdyrylan “Imperatorlygy döredenler Ýahut Şümürz” atly oýunyň 5-18-nji awgust aralygynda her gün agşam sahnalaşdyryljakdygyny nygtaýar. Gazet oýunyň festiwalyň taryhynda sahnalaşdyrylan ilkinji türk oýuny boljakdygyny belleýär.

“Haber Türk” gazeti: “Horon topary ýene-de Italiýada” söz başyly habarynda, geçen aý geçirilen Expo Milan sergisinde çykyş eden Garadeňiz Horon topary, 2-nji gezek Italiýada çykyş etjekdigine ünsi çekýär. Gazet serginiň Guramaçylyk komitetiniň muşdaklaryň islegine laýyklykda topary ýene-de çagyrandygyny mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar