Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 28.07.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

305071
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 28.07.2015

“Star” gazeti: “Koeffisiýent ulanylşynyň görkezijileri soňky 1,5 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Merkezi banky işläp taýýarlaýan senagatyň koeffisiýent ulanylşynyň görkezijileriniň (KKO) iýul aýynda, iýun aýyna garanyňda 0,8 bal artyp, 75,9 göterime barabar bolandygyny nygtandygyny mälim edýär. Gazet şeýlelik bilen koeffisiýent ulanylşynyň görkezijileriniň 2013-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetendigini belleýär.

“Sabah” gazeti: “Kosmos senagat zolagy guruldy” söz başyly habarynda, täze goýulan maýalaryň çäginde Türkiýäniň ilkinji Kosmos we awiasiýa senagat zolagynyň gurulandygyny habar berýär. Gazet infrastrukturasyna 50 million türk lira harjanan zolak üçin 120 firma maýa goýmak isleýändigine ünsi çekýär.

“Haber Türk” gazeti: “Ziraat banky Azerbaýjanda işläp başlady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ziraat bankynyň Azerbaýjandaky şahamçasy “Ziraat Bank Azerbaýjan ASC”-nyň işläp başlandygyny nygtaýar. Gazet 50 million manatlyk maýa bilen gurulan şahamçanyň ýurduň paýtagty Bakuwda gurulandygyna ünsi çekýär. Habarda Ziraat bankyň daşary ýurtlarda Azerbaýjan bilen birlikde Germaniýada, Bosniýa-Gersegowinada, Russiýada, Gazagystanda, Özbegistanda, Türkmenistanda we Karadagda şahamçalarynyň bardygy ýazylýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “BES-de ýygnanan gazna 38,5 milliard lira ýetdi” söz başyly habarynda, bütin dünýäde bolşy ýaly Türkiýede-de sosial howpsyzlyk ulgamynyň üstüni ýetirýän Şahsy pensiýa ulgamy arkaly şu ýylyň ilkinji 6 aýynda 6 müň 77 adam pensiýa çykandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ulgamyň agzalarynyň sany 2015-nji ýylyň ilkinji 6 aýynda 5,5 million adama, gaznanyň pul möçberiniň bolsa 38,5 milliard lira ýetendigini belleýär.

“Hürriýet” gazeti: “Aziýanyň göwnüni aldy” söz başyly habarynda, tanymal režissýor Ferzan Özpetekiň “Kemerleriňizi dakyň” filmi Wýetnamda sylaga laýyk görülendigini mälim edýär. Gazet 21-26-njy iýul aralygynda Hanoi şäherinde geçirilen 5-nji MovieMov italýan film festivalyna gatnaşan filmiň wýetnamlylardan ybarat bolan emin agzalar tarapyndan “Iň gowy film” hökmünde saýlanandygyna ünsi çekýär. Habarda Özpetekiň “Gowşak minalar” we “Ajaýyp myhman” atly filmleriniň hem 2010-njy we 2011-nji ýyllarda Bagkokda geçirilen festiwalda-da 1-nji oruna mynasyp bolandygy bellenýär.

“Milliýet” gazeti: “Nuri Bilge Jeýlan Wenesiýada emin agzalyga savlandy” söz başyly habarynda, Ýewropanyň iň wajyp we gadymy film festiwalleriniň biri bolan Wenesiýa film festiwaliniň “Altyn ýolbars” bölüminiň emin agzalarynyň belli bolandygyny habar berýär. Gazet emin agzalygynyň başlyklygyna meksikaly Alfonso Kuaronyň saýlanandygyny, Nuri Bilge Jeýlanyň bolsa emin agzalyga saýlanandygyny nygtaýar. Habarda 2-12 sentýabr aralygynda 72-nji gezek geçiriljek festiwaliň beýleki agzalagyna fransuz yazyjy we režissýor Emmanuel Karreriň, polşaly režissýor Pawel Pawlikowskiniň, italiýan režissýor Françesko Munziniň, taýwanly ussat kinematograf Hou Hsiao-hsieniň, nemes aktrisa Diane Krugeriň, britaniýaly režissýor Lynne Ramsaýyň we ABŞ-ly aktrisa Elizabet Banksyň saýlanandygyny ýazýar


Etiketkalar:

Degişli Habarlar