Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 26.07.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

385133
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 26.07.2015

“Sabah” gazeti: Ýewropa sebitler assambleýasynyň (AER) döredilmeginiň 30 ýyllygy Şwesiýanyň Göteborg şäherinde bellenilip geçilendigini mälim edýär. Gazet dabaranyň hormatly myhmany Belgiýanyň şazadasy Laurentiň Türkiýäniň ÝB-ne agza bolmagyny goldaýandygyny aýdandygyny ýazýar. Habarda şeýle hem Lurentiň AER-iň başlyklygyna ilkinji gezek YB-ne agza ýurt bolmaýan döwletden saýlanandygyny we saýlanan zenan başlyk Dr. Hande Özsan Bozatla doly goldaw berjekdigini nygtandygyna ünsi çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Geljegiň güýji ekologik arassa energiýa” söz başyly habarynda, Türkiýäniň gaýtdan işlenip boljak energiýa pudagynyň dünýädäki ortaça görkezijileriň aşagynda bolsada potensial taýdan örän gowy mümkinçiliklere eýedigini habar berýär. Gazet Türkiýäniň Ýel energiýasi bileleşiginiň (TÜREB) başlygy Serdar Ataseweniň pudagyň maýa goýum boýunça Ýewropada 5-nji orundadygyny, maýadarlaryň ýel energiýasyna bolan gyzyklanmanyň ýokarydygyny we Türkiýäniň esasan hem Demirgazyk Afrikada, Orta Aziýada we Türki dilli ýurtlarda uly potensiala we pozisiýa eýedigini aýdandygyny nygtaýar.

“Star” gazeti: “Kapalyçarşy dünýäniň iň haýran galdyryjy bazarlaryň sanawynda” söz başyly habarynda, tanymal habarlar portaly “Business Insider” tarapyndan taýarlanan dünýäniň iň haýran galdyryjy bazarlar sanawynda Stambuldaky Kapalyçarşy bazarynyň hem bardygyny belleýär. Gazet: “Bir ýurduň medeniýetini tanamagyň iň gowy ýoly ol ýurduň bazarlaryny gezip görmek” diýip ýazýar. Gazet 1461-nji ýylda gurulan we dünýäniň iň köne bazarlarynyň biri bolan Kapalyçarşyda gymmat bahaly daşlardan üýtgeşik lampalara we türk datlylaryna çenli köp sanly harytlaryň satylýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti: “100 kesel üçin 1 gan test” söz başyly habarynda Prof. Dr. Özjan Ereliň rak keselini hem öz içine alýan 100 keseli anyklamak üçin test oýlap tapandygyny habar berýär. Gazet täze testiň kömegi bilen hassanyň haýsy kesel bilen keselläp biljekdigini hem öňünden bilip boljakdygyny nygtaýar. Gazet Ereliň oýlap tapan gan testiniň 22 ýurda satylýandygyna ünsi çekýär.

“Milliýet” gazeti: “Päklik muzeýi filmi Wenesiýada film festiwalynda” söz başyly habarynda, “Päklik muzeýi” atly filmiň premýerasynyň 2-12 sentýabr aralygynda boljak 72-nji Wenesiýa film festiwalynda görkeziljekdigini mälim edýär.Gazet filmiň režissýory Britaniýaly Grant Giniň filmde Stambulyň geçmişini we şu gününi görüp bolýandygyny we filmiň dürli-dürli ýurtlarda we festiwallarda görekeziljekdigini nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar