Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.07.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

346205
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.07.2015

Ýeni Şafak” gazeti: “BMG-na AFAD nusgasy” söz başyly habarynda, Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň (AFAD) işleýiş usuly BMG-nyň ünsini özüne çekendigini habar berýär. Gazet AFAD-yň başlygy Fuat Oktaýyň: “Biziň işleýiş usulymyza dinamiki we has gowy diýip aýdýarlar. BMG-sy AFAD-yň işleýiş usulyny durmuşa geçirmek üçin bizden goldaw islediler” diýendigini nygtaýar.

Hürriýet” gazeti: “Türk amigolar” söz başyly habarynda, türk işewür adamlaryň ulag senagaty pudagynda Günbataryň Hytaýy bolan Meksika bilen hyzmatdaşlyk etmäge başlajakdygyny mälim edýär. Habarda şu ýyl 17-nji gezek geçirilen “PAACE Automechanika Meksika” sergisine 13 türk firmanyň gatnaşandygy bellenýär. Gazet sergä 34 ýurtdan 20 müňden gowrak hünärmentiň gelip görendigini ýazýar.

Sabah” gazeti: “ABŞ-da türk diasporasy” söz başyly habarynda, geçen ýyl 5,1 milliard dollar möçberinde maýa goýan türk hususy kärhanalaryň ABŞ-na gönügendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Koç, Ülker we Ejzajybaşy kärhanalaryndan soň, indi bolsa türk Korsini kärhanasynyň Amerikanyň Tennesi ştatynyň Memfis şäherinde fabrika gurandygyna ünsi çekýär.

Star” gazeti: “Ýewropanyň iň uly binasyny gurmak üçin ylalaşdylar” söz başyly habarynda, 4 ýoldaşyň 1991-nji ýylda birleşip guran “Ant Yapy” kärhanasynyň Moskwada “OKSO” atly täze taslama bilen Ýewropanyň iň uly binasyny gurjakdygyny nygtaýar. Gazet Stambulyň Şişli-Bomonti etrapçasynda ýerleşýän Türkiýäniň iň uly iki binalary “Anthillini” hem guran kärhananyň dünýäde jemi 20 gurluşyk meýdançada 2 milliard dollarl möçberinde iş alyp barýandygyny belleýär.

Watan” gazeti: “Antalýada uçar-ýolagçy rekordy” söz başyly habarynda, Antalýanyň howa menziliniň 18-nji iýulda şenbe güni uçan we gonan 1012 uçar we 169 müň ýolagçy boýunça rekord goýandygyny habar berýär. Gazet Döwlet Howa gullygynyň Antalýa boýunça jogapkäri Osman Serdaryň Howa menziliniň rekord derejä ýetendigini twitter hasabyndan bildirendigini we howa menzilinde işleýän 14 müň adamy gutlandygyny ýazýar.

Haber Türk” gazeti: “Ýaňadandan köprüde” söz başyly habarynda, “TEB BNP Paribas Stambul Kup-a” 10 ýyl soň ýaňadandan gatnaşýan Wenus Willimasyň şu gün Bosfor bogazynda Türkiýäniň milli tenisçileri Ipek Soýlu we Çagla Büýükakçaý bilen oýnajakdygyny mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar