Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.07.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

382218
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.07.2015

“Watan” gazeti “65 trllion dollarlyk maslahat” söz başyly habarynda, global ykdysadyýetiň 65 trillion bölegine wekilçilik edýän G-20-ä agza ýurtlaryň ýokary derejeli maslahatynyň noýabr aýynyň 15-16-sy aralygynda Antalýanyň dünýä meşhur syýahatçylyk merkezi Belekde geçiriljekdigini ýazýar. Gazet maslahat üçin taýarlyklaryň dowam edýändigini, “Gyzyl zolak” yglan edilen etraba akreditasiýa edilmedik hiç kimiň kabul edilmejekdigine ünsleri çekýär. Habarda maslahat sebäpli käbir günlerde sebitden uçarlaryň geçmegine-de rugsat berilmejekdigi nygtalýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Eýranly 10 müň syýahatçy Wan welaýatyna geldi” söz başyly habarynda, Oraza baýramy mynasybetli köp sanly eýranly syýahatçynyň ýaryhy we turistiki ýerlere eýe bolan Wan welaýatyna gelendigini ýazýar. Gazet söwda merkezlerinde we köçelerde uly mähelläniň emele gelmegine sebäp bolan eýranlylaryň satygçylaryň ýüzüni güldürendigini mälim edýär. Deňiz ýakasynda dynç almak isleýän eýranlylaryň bosla ulaglaryny howa menzilinde goýup, uçarlar bilen islän ýerlerine gidendikleri nygtalýar.
“Star” gazeti “Dünýäniň abraýly uniwersitetleriniň 10 sanysy Türkiýeden” söz başyly habarynda, bilimiň hili, uçurymlarynyň işe ýerleşme mukdary ýaly 8 ugur boýunça kesgtilenen dünýäniň iň saýlama müň uniwersitetiniň sanawyna Türkiýeden 10 okuw jaýynyň degişli bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet sanawa görä birinji 500-likde Ýakyn Gündogar Tehniki uniwersitetiniň bardygyny, Stambul, Hajettepe, Ankara, Stambul Tehniki, Egeý, Bosfor, Bilkent, Gazi we 9-njy Sentýabr uniwersitetleriniň hem sanawa degişli bolandygyny ýazýar.
“Haber Türk” gazeti “Agdarylmagynyň öňüni alýan tehnologiýany oýlap tapdylar” söz başyly habarynda, Başkent uniwersitetiniň inženerçilik fakultetiniň çäginde köp adamyň ýogalmagyna ýa-da ýaralananmagyna sebäp bolýan ýol-ulag heläkçiliklerinde ulaglaryň agdarylmagynyň öňüni alýan ulgamyň oýlanyp tapylandygyna üns çekilýär. Prototipi taýarlanan ulgamyň ulag bilen ýerzeminiň arasynda goraýjy giňişlik emele getirilip, ulagyň fisizki bitewiligini gorap saklaýar.
“Milliýet” gazeti “Kiprde weto” söz başyly habarynda, Kiprde türk we grek böleginiň arasyndaky düşnüşmezligin zenan basketbol ligasyna täsirini ýetirendigini mälim edýär. Habarda şu ýyl ilkinji gezel Zenanlaryň arasyndaky basketbol ligasynda çykyş etmäge taýarlyk görýän Ýakyn Gündogar Uniwersitetiniň syýasy sebäplerden oýunlaryny Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda oýnap bilmejekdigi mälim edilýär. Türkiýede oýnamaga mejbur bolan komanda Adanada, Mersinde ýa-da Antalýada bäsleşer.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar