Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.07.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

381578
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.07.2015

“Star” gazeti: “Eýran we Russiýadan soň Günorta Koreýa bilen hem milli pul bilen söwda ediler” söz başyly habarynda, 20 milliard dollar möçberinde daşary ýurtlar bilen edilýän söwdanyň milli pulda edilýändigini aýdan Türkiýäniň Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň, Eýran we Russiýadan soň milli pul bilen edilýän söwdanyň aralarynda Günorta Koreýa, Yrak, Ukraina ýaly ýurtlar bolan ençeme döwletler bilen hem ýerine ýetirmek üçin gepleşikleri geçirendiklerini aýdandygyny habar berýär.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Halkara jenaýat kazysyndan Ysraýyla erbet habar” söz başyly habarynda, Halkara jenaýat kazysynyň Gaza gumanitar goldaw alyp barýan Mawi Marmara gämisiniň içindäki ýolagçylary öldürendigi sebäpli Ysraýyla garşy gozgalan kazyýet işiniň ýaňadandan derňelmegini isländigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Halkara jenaýat kazysynyň Komor adalarynyň adyna gozgalan kazyýet işiniň ozal goý bolsun edilendigini, indi bolsa ýaňadan başladylmagy barada karara gelinendigini aýdandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti: “Hytaý türk syýahatçylara garaşýar” söz başyly habarynda, Hytaý Halk Respublikasynyň Syýahatçylyk ministrliginiň gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň syýahatçylyk ýoly hökmünde tanyşdyrmak maksady bilen ençeme dabara gurnandygyny mälim edýär. Habarda dabaranyň çäginde Beýik Ýüpek ýolunyň başlangyç ýeri diýip bilinýän Sinçuan welaýatynyň ýolbaşçylarynyň Stambula gelendigi bellenýär. Gazet Hytaýyň Türkiýedäki ilçihanasynyň resmisi Xiao Hongyň türk syýahatçylaryny Hytaýyň Sinçuan welaýatyna syýahat etmäge çagyrandygyna ünsi çekýär.

“Watan” gazeti: “Bolşoý teatrda bir türk” söz başyly habarynda, Russiýanyň Bolşoý teatrynda teatr sezonynyň baş rolini Türkiýäniň raýaty Murat Karahanyň ýerine ýetirmegindäki Karmen operasynyň görkezilmegi bilen tamamlanandygyny habar berýär. Gazet dünýäniň tanymal teatrlarynyň biri bolan Bolşoý teatrda sahnalanan Karmen operasynyň Don Žoze rolunda oýnan Ankaranyň Döwlet opera we Balet teatrynyň sungat işgäri Murat Karahanyň mundan ozal hem ol teatrda oýnandygyny aýdandygyny belleýär. Gazet roluny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin söweş sungaty derslerini alandygyny nygtan Karahanyň: “Bolşoý teatrda sahnalaşdyrylan eseriň baş rollerinde oýnamak diýseň begendiriji” diýendigine ünsi çekýär.

“Hürriýet” gazeti: “Sentýabrda Stambulda” söz başyly habarynda, dünýäniň tanymal kanadaly aýdymçysy Jastin Biberiň 2-nji gezek Türkiýä geljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet 2013-nji ýylda Stambulda konsertde çykyş eden Biberiň sentýabr aýynda ýaňadandan Stambulda muşdaklary bilen duşuşjakdygyny nygtaýar.

“Haber Türk” gazeti: “10 ýyl soň ýene-de oýnajak” söz başyly habarynda, “TEB BNP Paribas Stambul Cup”-yň ilkinji gezek geçirilen ýylynda oýnan Wenus Williamsyň 10 ýyl soň ýaňadandan oýnajakdygyny mälim edýär. Habarda ABŞ-ly tenisçi Wenus Williamsyň 20-nji iýulda türk türgen Ipek Soýlu bilen oýnajakdygy ýazylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar