Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.07.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

379202
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.07.2015

“Sabah” gazeti: “Eksport 13 ýylda 13 göterim artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň ýurduň soňky ýyllardaky ykdyasdy ösüşi barada beýanat berendigini mälim edýär. Gazet 2014-nji ýylda eksportyň 3,8 göterim artandygyny aýdan Zeýbekjiniň: “Türkiýe dünýäniň energetika, çig-mal, ynanç, söwda we medeniýet ýollarynyň merkezinde ýerleşýär. Şol sebäpli ýurdumyzyň ýerleşişi diňe bähbitli bolmak bilen çäklenmän eýsem dürli meseleler hem ýüze çykýar. Muňa garamazadan ýurdumuz howpsyz merkez bolmagyny dowam etdirýär” diýendigini nygtaýar.

“Watan” gazeti: “Her ýyl 50 müň syýahatçy göz üçin gelýär” söz başyly habarynda, Saglyk syýahatçylygynyň gün saýyn özgerýändigini we şol sebäpli Türkiýä her ýyl müňlerçe syýahatçy gözüni bejertdirmek üçin gelýändigini habar berýär. Gazet syýahatçylaryň göz üçin Türkiýä gelmekleriniň esasy sebäpleriniň amatly baha, ýokary hilli hyzmat we bejergide ulanylýan tehnologik enjamlardygyny belleýär.

“Haber Türk” gazeti: “Siwasda Hobbit obasy” söz başyly habarynda, Siwas häkimliginiň tanymal kino-filmler bolan “Ýüzükleriň hökümdary” we “Hobbit” filmlerindäki hobbitlariň ýaşan öýlerinden ylham alyp şäheriň merkezinden 5 km uzaklykdaky Paşabahçe meýdanynda kiçijek öýleri ýasandyklaryny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda kiçijek öýleriň dagyň içinde ýasalandygy, öýleriň hepdelik ýa-da aýlyk kireýine berilýändigi, 65 inedördül metr öýlerde aşhananyň, hajathananyň, wanna otagynyň we ýatylýan otagyň bardygy ýazylýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Gresiýany Türkiýe halas eder” söz başyly habarynda, Çikago uniwersiteiniň profesory Tom Gingsburgyň: “Afina türk lirasyna geçsin” diýendigini, grek akademik Dimitri Kitsikisiň bolsa: “Gresiýany ykdysady çökgünlikden diňe Türkiýe halas edip biler. Gresiýanyň ÝB-ne agza bolmagy nädogrydy. ÝB-nden çykyp Türkiýe bile hyzmatdaşlyk etse gowy bolar. Gresiýanyň ykdysady we maliýe syýasaty Ankara tarapyndan meýilleşdirilsin” diýendigini mälim edýär.

“Star” gazeti: “Haýwanlaryň dersinden nebit öndürdi” söz başyly habarynda, Altaja Grubuň Türkiýäniň Balykesir welaýatynyň Gönen etrabynda ilkinji intengrirleme desgasynyň açandygyny, desgada hanwanlaryň dersi, tüýi, atym çaý, ýaprak, agajyň şahasy, miweleriň gabygy, gök-önümleriň galyndylary, bürünjiň samany ýaly galyndylardan nebit öndürilýändigini habar berýär. Habarda kärhananyň esasy maksadynyň Türkiýede 200 fabrika gurmakdygy nygtalýar. Gazet Gönendäki desganyň 400 tonna galyndyny ýok edip, kölüň, deňiziň, ýerasty suwlaryň we daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni aljakdygyny belleýär. Gazet kärhananyň ýolbaşçylarynyň Türkiýedäki galyndylaryň 20 göterimi ulanylan halatynda ýurt üçin zerur bolan nebitiň 20 göteriminiň şol ýol bilen kanagatlandyryp boljakdygyna ünsi çekýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar