Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.06.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

324487
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.06.2015

Watan” gazeti: “Laodikýa kämillik sertifikaty berildi” söz başyly habarynda, dünýäniň ähli künjegindäki syýahatçylara maslahat berýän we 45 ýurtda agzasy bolan Halkara syýahatçylyk saýty ‘TripAdvisor’-yň Deňizliniň 6 km demirgazygynda ýerleşýän gadymy Laodikýa şäherine dynç almaga gelýän syýahatçylary garşylmakda görkezen üstünligi üçin kämillik sertifikaty bilen sylaglandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Sabah” gazeti: “DKTR-da dynç almak üçin birnäçe sebäp” söz başyly habarynda, syýahatçylyk firmalarynyň tanymal syýahatçylyk merkezleriniň biri bolan DKTR-da dynç almaga gelmek üçin birnäçe sebäbi görkezendigini habar berýär. Gazet adanyň ýylyň 300 güni güneşli bolýandygyny, Tomus pasly köp wagt dowam edýändigini, Adadaky şüweleňleri ähli reňkler bilen ýaşap bolýandygyny, ýerli we daşary ýurtly harytlary, sowgatlyklary we asyl nusga harytlary arzan baha tapyp bolýandygyny, ajaýyp milli tagamlary iýip bolýandygyny mälim edýär. Habarda Ortaýer deňiziniň iň gowy plažlarynyň birine eýe bolan DKTR-da dynç almak elýeterlidigi we adadaky taryhy eserleri görenleri haýran galdyrýandygy nygtalýar.

Haber Türk” gazeti: “Harrandaky gümmezli öýler kiçi myhmanhanalara öwrüler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Şanlyurfa welaýatynyň tanymal syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Harranda gadymy gümmezli öýleriň kiçi myhmanhanalara öwrüljekdigini belleýär. Gazet şähere has hem köp syýahatçynyň gelmegine goşant goşjak taslamanyň üsti bilen taryhy ýerleri görmäge gelýän syýahatçylaryň kiçi myhmanhanalarda ýaşap biljekdigine ünsi çekýär. Gazet dynç almaga geljek syýahatçylaryň oba durmuşyny özleriniň ýaşap biljekdigini, myhmanhanalaryň howlylarynda ekin işleri bilen meşgullanyp biljekdigini, çörek bişirip biljekdigini, süýt sagyp biljekdiklerini ýazýar.

Star” gazeti: “Maldiwler Antalýa göçdi” söz başyly habarynda, Antalýanyň Kemer etrabyndaky bir myhmanhananyň plažy ýörite usul bilen Maldiwleriň dünýä belli ak çägeli plažyna meňzedilendigini habar berýär. Gazet daşary ýurtdan getirilen ‘Quartz’ aýratynlygyna eýe bolan, aýagyňy ýakmaýan we endamyňa ýapyşmaýan 20 tonna çägäniň takmynan 12 müň inedördül metrlik plaža guýulandygyny nygtaýar. Gazet plažyň göze ýakymly bolandygyny we usulyň beýleki plažlarda hem ulanyljakdygyny belleýär.

Milliyet” gazeti: “Stambulda Jaz şüweleňi başlady” söz başyly habarynda, 22-nji Stambul Jaz festiwalynyň şu ýyl şäheriň 15 aýry ýerinde geçiriljekdigini mälim edýär. Habarda 15-nji iýuna çenli dowam etjek festiwalda 35 gezek konsert geçiriljekdigi, 250-den gowrak ýerli we daşary ýurtly sungat adamynyň Stambulda öz muşdaklarynyň öňünde çykyş etjekdigi bellenýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar