Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 28.06.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

323177
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 28.06.2015

“Star” gazeti: “ABŞ aýdylana jogap bersin” söz başyly habarynda, Merkezi razwedka gullugynyň (CIA) ozalky işgäri Snowdeniň “Terror guramasy DAEŞ-iň lideri Bagdadini CIA-iň, MOSSAD-yň we M16-nyň taýarlandygy” barada beren beýanatyna entek ABŞ-nyň jogap bermändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet gizlin maglumatlary berip Russiýa giden Snowdeniň DAEŞ-iň arkasynda ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Ysraýylyň bardygyny aýdandygyna ünsi çekýär. Gazet aýdylanlaryň dogrydygyny tassyklan Snowdeniň sebitdäki Ysraýylyň garşydaşy bolan ähli toparlaryň özara uruşdyrylýandygyny, DAEŞ-iň sebitde Ysraýylyň howpsyzlygyny üpjün edýändigini we ady agzalan üç ýurdyň sebiti DAEŞ-iň üsti bilen şekillendirýändigini aýdandygyny belleýär.

“Haber Türk” gazeti: “Breziliýaly syýahatçylar St Žorže üçin Kapadokýa gelýär” söz başyly habarynda, Anadolynyň medeniýet turizminiň barha ösýändigini habar berýär. Gazet Türkiýäniň Garadeňiz sebitine gelýän syýahatçy sanynyň her ýyl 25 göterim köpelýändigini, Garadeňize gelýän syýahatçylaryň tebigatda dynç almak üçin agaçdan öýleri kireýine tutýandygyny ýazýar. Habarda Türkiýäniň tanymal syýahatçylyk merkezleriniň biri bolan Kapadokýa häzirki wagtda esasan hem ýapon syýahatçylaryň gelýändigi, braziliýalylaryň dini lideri diýip bilinýän we Kapadokiýada ýaşap geçendigi barada aýdylýan Eziz Žorže üçin gelýän braziliýaly syýahatçylaryň sanynyň hem barha köpelýändigi nygtalýar.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Elektrik enjamlaryň satuwy artdy” söz başyly habarynda, Türkiýede elektrik enjamlaryň satuwynyň 2015-nji ýylyň ýanwar-maý aýlary aralygynda geçen 2014-nji ýyla görä 11,4 göterim artandygyny mälim edýär. Habarda pudagyň içerki satuwynyň hem soňky 3 ýylyň iň ýokary derejesine ýetendigi, içerki satuwlarda iň köp talap bildirilen harydyň kir ýuwulýan maşyndygy bellenýär. Gazet elektrik enjamlar pudagynyň şu ýylyň ilkinji 5 aýynda 9 million 549 müň 204 sany elektrik enjamyny öndürendigini we bu görkezijileriň 2014-nji ýyla garanyňda 8,8 göterim köpelendigini görkezýändigini ýazýar.

“Sabah” gazeti: “Çagalary çip bilen gözegçilik edip bolar” söz başyly abarynda, ene-atalaryň öz çagalarynyň söwda merkezlerinde, seýilgählerde, köp adamly köçelerde ýitmezligi üçin täze ykjam telefon gollanmasy işlenip taýarlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ýerli kärhanalar tarapyndan öndüriljek täze gollanmada çaganyň ýanynda çipiň boljakdygyny we ony ykjam telefonlaryň kömegi bilen gözegçilik edip boljakdygyny nygtaýar. Gazet çaganyň maşgalalaryndan uzaklaşanda ene-atalaryň ykjam telefonlaryna signal gelýändigine we täze gollanmanyň daşarky bazarlarda-da satyljakdygyna ünsi çekýär.

“Watan” gazeti: “Zenanlaryň basketbol ýygyndysynyň ajaýyp çykyşy” söz başyly habarynda, FIBA Zenanlar Ýewropa çempionatynda Türkiýäniň ýygyndysynyň bäsleşigiň esasy wagtynda 59-59 hasaby bilen tamamlasada, goşmaça wagtda Russiýanyň ýygyndysyndan 68-66 hasabynda üstün çykyp 5-nji oruna mynasyp bolandygyny habar berýär. Gazet gazanylan netije bilen Türkiýäniň ýygyndysynyň 2016 Rio Olimpiýa oýunlaryň saýlama bäsleşiklerine gatnaşmaga mümkinçilik gaznandygyny mäilm edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar