Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.06.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

321990
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.06.2015

“Star” gazeti “Siriýanyň demirgazygynda täze döwletiň gurulmagyna rugsat bermeris” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň Siriýa serhedinde başdan geçirilýän wakalara berk garşylyk görkezendigini ýazýar.Gazet Prezident Erdoganyň “halkyma we dünýä ýüzlenýärin; Siriýanyň demirgazygynda täze döwletiň gurulmagyna asla rugsat bermejekdigimizi her bir adamyň bilmegini isleýäris. Täze döwletiň gurulmazlygy üçin tutanýerli tutum alyp bararys. Biz sebitdäki demografik gurluşyň üýtgemegine biperwaý garap bilmeris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


“Ýeni Şafak” gazeti “Kobani Türkiýäniň saýasynda barlygyny dowam etdirýär” söz başyly habarynda, Suruçyň häkimi Abdullah Çiftçiniň beren beýanatyna ýer berýär.
Gazet Kobaniniň Türkiýäniň berýän ynsanperwer kömekleri bilen barlygyny dowam etdirýändigini emma “Sag bolsun” aýtmagyň ýerine “Terrorçy Türkiýe” kampaniýasynyň başladylmagyna we DAEŞ-iň hüjümlerinden Türkiýäniň jogapkärdiginiň öňe sürülmegine berk garşylyk görkezen Suruçyň häkimi Abdullaf Çiftçiniň, Kobana soňky 5 aýda 1920 konteýnerlik ynsanperwer kömegini ugradandyklaryna aýratyn ünsi çekendigini belleýär.
Gazet Abdullah Çiftçiniň ol ýerdäki halkyň barlygyny dowam etdirmegi üçin tagalla edýändiklerine garamazdan kimdir biriniň Türkiýäni ynsanlary öldürýänler bilen birlikde görkezmeginiň özlerini gynandyrandygy hakyndaky sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Çiftçiniň “Biz goňşularymyzyň asuda durmuşda ýaşamaklaryny isleýäris” diýendigini ýatladýar.


“Watan” gazeti “Derman ýaly maýa goýum” söz başyly habarynda derman senagatynda iş alyp barýan esasy firmalardan biri bolan Abdi İbrahim firmasynyň, Türkiýäniň iň uly biotehnalogik derman önümçilik desgasyny Stambulda gurjakdygyny ýazýar.
Gazet täze guruljak we gymmaty 100 million dollara barabar bolak desgada, rak, aşa jişik we romatizm hassalarynyň ulanýan daşary ýurtlardan import edilýän dermanlary öndürjekdigini belleýär.


“Sabah” gazeti 2008-nji ýyldan bäri yzygiderli ýagdaýda geçirilýän “Dünýäniň iň gowy binalary” bäsleşigine türk binagärleriniň hem gatnaşjakdygyny ýazýar.
Gazet Türkiýäniň Word Arhitektura festiwalynyň çäginde geçiriljek bäsleşige 20 taslama bilen gatnaşjakdygyny nygtaýar.
Gazet bäsleşikde 47 ýurtdan 700 taslamanyň bäsleşjekdigini ýatladýar.


“Milliýet” gazeti “Luna Mižowiç gelýär” söz başyly habarynda ilkinji filmi “Esmanyň syry” bilen 2006-njy ýylda Berlin kino film festiwalynda Altyn aýy baýragyny alan Bosniýaly aktrisa Luna Mižowiçiň oktýabr aýynda Stambul filmi üçin Türkiýä geljekdigini ýazýar.
Gazet biri Bosniýaly, beýlekisi Türkiýeli iki ýetginjegiň yşgyny gürrüň berýän filmde oýnajak Mižowiçiň 1 aý Stambulda galjakdygyny ýatladýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar