Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.06.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

312528
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.06.2015

Haber Türk” gazeti: “Suruçdaky çadyr şäherçe bütin dünýä görelde boldy” söz başyly habarynda, Şanlyurfanyň Suruç etrabynda ýerleşýän bosgunlaryň ýaşaýan çadyr şäherçesiniň halkara habarlar gullugy Associated Press(AP) tarapyndan çap edilen habarda öwülendigini mälim edýär. Gazet 15 sebitdäki 7 müň çadyrda 25 müň bosgunyň ähli amatlyklar bilen üpjün edilendigini, Suruçdaky çadyr şäherçäniň dünýäniň iň köp bosgunyň ýaşaýan çadyr şäherçesidigini belleýär. Habarda şeýle hem 2 million siriýaly bosguny kabul eden Türkiýäniň bosgunlar meselesinde bütin dünýä görelde bolýandygy nygtalýar.

Ýeni Şafak” gazeti: “Saglykly turizm üçin 33 merkez” söz başyly habarynda, Türkiýaniň Saglygy goraýyş ministrligine degişli bolan Türkiýäniň serhet we kenarýaka saglygy goraýyş edarasynyň ýurduň syýahatçylyk pudagynyň ösmegine öz goşandyny goşmak maksady bilen Türkiýäniň kenarýaka serhetlerindäki saglyk bilen baglanşykly barlaglary çaltlaşdyrmak we ýurda has hem köp syýahatçynyň gelmegine kömek bermek üçin medesina işgärlerini belländigini habar berýär. Gazet gämilerde we ýahtalarda hyzmat bermek maksady bilen 33 Kenarýaka Saglyk gözegçilik merkeziniň açylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Star” gazeti: “National Geographikiň iň batyr türki” söz başyly habarynda, dünýäde iň köp töwekgelçilige sezewar bolan 22 barlagçynyň biri bolup saýlanan, ençeme Halkara we milli sylaglara laýyk görülen türk alymy Dos. Dr Çagan Şekerjioglynyň National Geographic-iň ilkinji türk suratçysy hökmünde saýlanandygyny nygtaýar. Gazet surat we film agentligi National Geographic Creativde işlemäge mümkinçilik berilen Şekerjioglynyň suratlaryny “http://talent.natgeocreative.com/talent”-de görüp bolýandygyna ünsi çekýär. Habarda Şekerjioglynyň eden işleriniň National Geographic Türkiýe žurnalynda hem çap edilýändigi ýazylýar.

Hürriýet” gazeti: “Miller gelýär” söz başyly habarynda, Gremmi sylagyna laýyk görülen aýdymçy Markus Milleriň 22—nji Stambul Jaz fetiwalyna gatnaşmak üçin Türkiýä geljekdigini mälim edýär. Gazet döwrebap jazyň tanymal aýdymçysy Milleriň festiwalyň çäginde 2-nji iýulda çykyş etjekdigini, aýdymça saksafonda Aleks Hanyň, gitarada Adam Agatiniň, klawirde Brett Williamsyň we depde Luis Katonyň ýoldaşlyk etjekdigini belleýär.

Sabah” gazeti: “Ykjam telefonlarda jet lag gollanmasy” söz başyly habarynda, Halkara howa gullugynyň (IATA) “Jet lag” ýagny gysga wagtda uzak ýerlere uçýan ýolagçylaryň biologik ritminiň bozulmagyna garşy ykjam telefonlarda gollanma işläp taýarlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet “SkyZen” diýip atlandyrylýan gollanmanyň sagat we howa şertleri göz öňünde tutulyp ulanyja ýol boýunça haçan we näwagt ýatmalydygyny we biologik ritminiň sazlaşykly işlemegi üçin näme iýmelidigini görkezýandigini habar berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar