Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 31.05.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

298831
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 31.05.2015

"Sabah" gazeti: “Sümelanyň ýiten hazynasy tapyldy” söz başyly habarynda, Nejmettin Erbakan uniwersiteiniň mugallymy Ilker Mete Mimiroglynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň rugsat bermegi bilen bütin dünýä syýahat edip Trabzondaky Sümela monastyryndaky hazynalaryň daşary ýurda alynyp gidilendigini anyklandygyny habar berýär. Gazet tapylan 100-e golaý gadymy tapyndynyň kitabyň üsti bilen tanyşdyryljakdygyny we taryhy tapyndylaryň alynyp gidilen ýurtlara yzyna gaýdyp berilmegi üçin ýüz tutuljakdygyny okyjy köpçüligini dykgatyna ýetirýär. Habarda tapyndylaryň arasynda Isa Pygamberiň haça çüýlenende ulanylan atanagyň bardygy hem aýdylýar.

"Ýeni Şafak" gazeti: “Türkiýe maýa goýumda ýeňillikli ýurt” söz başyly habarynda, Stambulda geçirilen Halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum maslahatynda çykyş eden daşary ýurtlylaryň Türkiýede maýa goýmagyň artykmaçlyklary barada söz sözländiklerini mälim edýär. Gazet Ýewropanyň işewür adamlaryň toparlarynyň başlygy Zbigniew Roşyň Türkiýäniň geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşýändigini nygtap: “Birnäçe gurama, maýadarlar we ÝB-niň maksatnamalary bize Türkiýede maýa goýmagyň ähli taraplar üçin amatlydygyny görkezdi. Türkiýe Ýewropanyň energetika ýolunda ýerleşmek bilen çäklenmän şol sanda durnuklu ýurtdyr” diýendigini ýazýar.

"Watan" gazeti: “Stambuldaky Wialand illýuziýa çykyşy bilen gelýänleriň sanyny köpeltmek isleýär” söz başyly habarynda, Ýewropanyň esasan hem taslama kategoriýasynda emin agzalaryň ýörite sylagyna laýyk görülen we geçen ýyl 22 million adamyň baryp gören güýmenje merkezi Wialandyň has hem köp adamyň gelmegi üçin täze taslamalary durmuşa geçirjek bolýandygyny nygtaýar. Gazet Wialand güýmenje merkezinde ýagtylyk we ses şoularyň kömegi bilen illýuziýa çykyşlarynyň ýerine ýetiriljekdigine ünsi çekýär.

"Star" gazeti: “Belgiýada syýasy partiýalaryň hereketleri demokratiýa pikiri bilen deň gelenok” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çeligiň Mahinur Özdemiriň ermeni tezislerini kabul etmändigi üçin Belgiýada partiýasynda uzaklaşdyrylandygyny we bu eden-etdiligiň pikir azatlygy taýdan kabul edilip bilenmejek zatdygyny aýdandygyny mälim edýär. Habarda Çeligiň Twitter hasabyndan beren beýanatynda bu hereketiň Ýewropanyň pikir azatlygy taýdan iki ýüzliligini ýene bir gezek görkezendigini belländigi nygtalýar.

"Haber Türk" gazeti: “Bosphorus Kupda ýelkenli çykyş” söz başyly habarynda, Bosfor bogazynda geçirilýän “Bosphorus Kup 2015-iň” Bogaziçi etabynyň 67 gaýygyň gatnaşmagyna geçirilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Dolmabahçe köşgünden başlan bäsleşigi bogazyň iki kenaryndan hem janköýerleriň seredendiklerini we şu ýyl 14-nji gezek geçirilýän we 6 ýurduň gatnaşýan bäsleşiginde üstün çykanlaryň şu gün belli boljakdgyny habar berýär. Habarda 1-nji oruna mynasyp bolan toparyň Kalamyş Marinada guraljak dabarada kubogyny aljakdygy ýazylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar