Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 26.05.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

289635
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 26.05.2015

“Sabah” gazeti “ABŞ-dan Erdogana Mursi minnetdarlygy” söz başyly habarynda ABŞ-nyň Musulman guramalary geňeşiniň Baş sekretary Osame Jemalyň agdarlyşyk arkaly wezipesinden çetleşdirlen Müsüriň Prezidenti Muhammed Mursa dünýäde diňe Türkiýäniň goldaw berendigi hakyndaky sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Gazet Osame Jemalyň Mursa beren goldawy sebäpli Prezident Erdogana minnetdarlygyny bildirendigini nygtaýar.


“Ýeni Şafak” gazeti “Emlak pudagy rekord goýdy” söz başyly habarynda Türkiýede ýaşaýyş jaý satuwynyň aprel aýynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 42,7 göterim ýokarlandygyny habar berýär.
Gazet aprel aýynda Türkiýede jemi 119 müňden gowrak ýaşaýyş jaýynyň, Stambulda bolsa 23 müň jaýyň satylandygyny nygtaýar.
Gazet aprel aýynda daşary ýurtlylaryň bolsa 1847 jaý satyn alandygyny ýatladýar.
Gazet daşary ýurtlylaryň Stambuldan soň nobaty bilen esasan hem Antalýa, Bursa, Aýdyn, Mersinw we Sakarýa şäherlerinden jaý satyn alandygyny belleýär.


“Sabah” gazeti “Patent almak isleýänlere 30 müň lira” söz başyly habarynda Ylym, senagat we tehnalogiýa ministrliginiň tehnalogiýa taýdan täze açyş etjekleri höweslendirýändigini ýazýar.
Gazet TÜBİTAK patent goldaw maksatnamasynyň çäginde täze açyşlar üçin ýurduň içinde 600 ýewro, daşary ýurtlarda täze açyş etjekler üçin bolsa 30 müň lira golaý goldaw berjekdigini belleýär.


“Star” gazeti “Türkiýe bilen Hytaýyň söwda mukdarynyň 100 milliard dollardan geçmegi meýilleşdirilýär” söz başyly habarynda hytaýly “Industrial and Commercial Bank of China”firmasynyň Tekstilbankyň esasy bölegini satyn alandygyny ýazýar.
Gazet şeýelikde bankyň ilkinji hytaýly bank hökmünde Türkiýede iş alyp barjakdygyny nygtaýar.
Gazet satyn almanyň iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ýokarlamagyna uly goşant goşjakdygyny we Türkiýe bilen Hytaýyň arasyndaky söwda mukdarynyň 2020-njy ýyla çenli 100 milliard dollardan geçmegine garaşylýandygyny ýatladýar.


“Haber Türk” gazeti “Markalar Stambulda” söz başyly habarynda Markalar konferensiýasynyň Stambulda öz işine başlandygyny ýazýar.
Gazet iki gün dowam etjek konferensiýada dünýäde we Türkiýede ýakyndan tanalýan markalaryň liderleriniň markalaryň geljekki strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşjakdygyny belleýär.

 



Etiketkalar:

Degişli Habarlar