Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.05.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

278069
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.05.2015

“Star” gazeti: “Iş dünýäsi 7-nji iýundan başlap has hem tizleşer” söz başyly habarynda, maýadarlaryň bazar ykdysadyýetinde saýlawdan soň hem durnuklulygyň dowam etjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet işewür adamlaryň we maýadarlaryň birnäçe ýyl bäri dowam edip gelýän ykdysady we syýasy durnuklylygyň saýlawdan soň hem dowam etjekdigini aýdýandyklaryny belleýär. Habarda Ankaranyň Senagat palatasynyň başlygy Nurettin Özdebiriň: “Saýlawdan soň işimize has hem gönügeris” diýendigi, Zorlu Holdingiň dolnyşyk geňeşiniň başlygy Ahmet Nazif Zorlunyň: “Işlerimiz jemlenýär, durnuklylyk wajyp” diýendigi, Kibar Holdinginiň dolanşyk geňeşiniň başlygy Ali Kibaryň bolsa: “Garaşýan maýa goýumlarymyz işläp başlar” diýendigi mälim edilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti: “Dowamly şöhrat” söz başyly habarynda, şu ýyl ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň deslapky sanawyna alynan Aspendos gadymy şäheriniň dowamly sanawa girizilmegi üçin işleriň alynyp barylýandygyny habar berýär. Gazet Antalýanyň Serik etrabynda ýerleşýän gadymy şäheriň daş-töwereginiň ÝUNESKO-nyň ölçeglerine görä abatlanýandygyny belleýär. Habarda b.e. soň 2-nji asyrda rimliler tarapyndan gurulan Aspendos teatrynda häziriki wagtda hem konsertleriň we çäreleriň geçirilýändigi we Gadymy teatryň dünýäniň iň gowy saklanyp galan taryhy eserleriň arasynda ýer alýandygy ýazylýar.

“Haber Türk” gazeti: “Tako üçin türklere sag bolsun aýdyň” söz başyly habarynda, Şwesiýada çap edilýän “Metro” gazetiniň Meksikanyň milli tagamy bolan “Takonyň” türklere degişlidigini öňe sürendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet “Metro” gazeti tarapyndan çap edilen habarda XIV-XV asyrlarda Ýakyn Gündogarda häkimiýetini guran Osmanlynyň “Şawarma” tagamynyň Meksikanyň milli tagamy “Tako al Pastor” ady bilen meşhur bolandygyny mälim edýär. Habarda XX asyryň başlarynda takmynan 36 müň adamyň Osmanly topraklaryndan Meksika göçendigini we ol adamlaryň saýasynda meksikalylaryň Osmanly tagamy bilen tanyşandygy nygtalýar.

"Watan" gazeti: “Güýmenjäniň hojaýynlary Wialantda duşuşar” söz başyly habarynda, “Halkara güýmenje seýilgähleri we gözel ýerleri bileleşigi IAAPA Ýewropanyň” 21-22-nji maý aralygynda ýyllyk IAAPA Bahar forumyny Stambul Wialantda geçirjekdigini habar berýär. Gazet foruma Pariž Disneýlend ýaly tanymal güýmenje merkezleriniň ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlyklarynyň gatnaşjakdygyna ünsi çekýär. Habarda IAAPA-nyň Ýewropa sebitiniň başlygy Karen Staleýiň: “Ýewropa ýurtlaynyň arasynda çalt depginler bilen ösýän Türkiýäni saýladyk” diýendigi ýazylýar. Gazet temapark, söwda köçeleri, myhmanhanalar ýaly täsin konsepsiýalary hödürlän Stambul Wialandyň halkara sylaglary laýyk görülendigini aýdýar.

"Sabah" gazeti: “2016-njy ýylda Stambul Pariži geçer” söz başyly habarynda, goňşy ýurtlardaky meselelere garamazdan Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynyň ösýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Bütün Dünýä syýahatçylyk guramasynyň iň köp syýahatçy gelýän ýurtlaryň sanawynda Türkiýäniň 6-njy orundadygyny mälim edýär. Habarda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynyň THÝ-nyň dünýäde iň köp birleşdirmä eýe bolmagy we wiza ygtyýarynyň almaklygynyň aňsatlaşdyrylmagy netijesinde ösýändigi bellenýär. Gazet pudagyň dünýäniň iň uly howa menziliniň ulanylmaga berilmegi netijesinde has hem ösjekdigini nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar