Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 13.05.2015

Gündelik gazetlerde dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giňişleýin orun berýär

272947
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 13.05.2015

“Star” gazeti “Yzyndan galmarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ortaýer deňizinde türk firmalaryndan birine degişli gemini bombalan Liwiýa berk garşylyk görkezendigini ýazýar. Habarda Erdoganyň “Bu türk baýdagy bolan däl, İzlandiýanyň baýdagyny göterýän gämi, emma eýeleri türk. Alynan maglumata laýyklykda gämä hüjüm guralmaz. Berk ýazgardyk. Bular entek döwledem bolup bilmändirler. Biziň baýdagymyz bolan bolsady, şertler başgaça bolardy. Bu işiň yzyndan galmarys, sebäpkärlerini taparys” diýen sözleri ýerleşdirilýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe göreşdi we aldy” söz başyly habarynda, ÝB bilen Türkiýäniň arasynda 1996-njy ýylda güýje giren Gümrük bileleşigi ylalaşygyna üýtgetme girizmek barasynda memoranduma düýn Belgiýanyň paýtagty Brýusselde gol çekişilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet şeýlelikde türk harytlarynyň dünýä bazarlaryna çykmagynyň öňündäki bökdençlikleriň aýryljakdygyny we söwda mukdarynyň 300 milliard dollara ýetirilmeginiň göz öňüde tutulýandygyny ýazýar. Habarda ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň işleriň gysga möhletde tamamlanmagynyň Türkiýäniň Transatlantik söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygy baradaky ylalaşyga degişli bolmagyny ýeňilleşdirjekdigini aýdandygyna üns çekilýär.
“Haber Türk” gazeti “Türkiýe maýa goýum indeksinde 2 nobat birden geçdi” söz başyly habarynda, konsalting firmasy “AT Kearneýiň” gönüden daşary ýurt maýa goýum ynam indeksiniň sanawynda Türkiýäniň 2 nobat birden ýokarlap, halkara gönüden maýa goýum çekýän ýurtlaryň sanawynda 22-nji ýere çykandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýäniň 8 ugurda uly ösüşe eýe bolandygyny nygtaýar.
“Sabah” gazeti “Boş 200 million ýewro maýa goýar” söz başyly habarynda, “Boş firmasynyň Türkiýe we Ýakyn Gündogar sebitiniň ýolbaşçysy Stiwen Ýongyň şu Türkiýä 200 million ýewrolyk maýa goýjakdyklaryny we 2 sany täze Barlag hem-de kämilleşdiriş merkezini açjakdyklaryny aýdandygyny mälim edýär. Gazet 2014-nji ýylda jemi satuw mukdaryny 10 göterim artdyrandyklaryny beýan eden Ýongyň “Boş toparynyň Türkiýä bolan ynamy ýokary, biz ýurduň potensialyna ynanýarys we ösüşimizi dowam etdirýäris” diýen sözlerini çap edýär.
“Hürriýet” gazeti “BAFTA-da türk goly” söz başyly habarynda, BAFTA-nyň 2015-nji ýyldaky baýraklaryna türk modaçysynyň täsir ýetirendigine ünsleri çekýär. Habarda Britaniýanyň teleýaýlymynyň iň abraýly baýraklaryndan biri bolan BAFTA üçin Londonda geçirilen dabara meşhur aýdymçy we alyp baryjy Roşell Homsyň Zeýnep Kartal tarapyndan dizaýn edilen eşik bilen gatnaşandygy mälim edilýär. Zeýnep Kartalyň 2016-njy ýylyň bahar we tomus kolleksiýasynda orun alýan we entek satuwa çykmadyk eşigiň dabaraly agşamda ünsleri özünde jemländigi nygtalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar