Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 26.04.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

250737
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 26.04.2015

Star gazeti: “Mundan beýläk goranmarys” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň MÜSIAD-yň 23-nji nobatdaky ýygnagynda çykyş edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Erdoganyň: “Çanakgala söweşleriniň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen Parahatçylyk maslahatynda bütün dünýäde parahatçylygyň bolmagyna çagyrdyk. Türkiýe bütin dünýäde parahatçylygyň bolmagyny isleýärkä Russiýa, Fransiýa we Germaniýa ýaly ýurtlar ermeni tezislerini goldap asudalygy bozmaga synanyşýar. Geliň ähli arhiwleri açalyň. Mundan beýläk proses üýtgeşik bolar. Biz hiç wagt goranmarys” diýendigi ýazylýar.

Ýeni Şafak gazeti: “Ýewropaly türkler saýlawlara taýar” söz başyly habarynda, 2 million 800 müň ýewropaly türk saýlawçynyň 7-nji iýunda geçiriljek saýlawlar üçin 8-nji maýdan başlap ses bermäge başlajakdygyny mälim edýär. Gazet saýlawlaryň 3 hepde dowam etjekdigini, türkleriň Türkiýäniň ilçihanalarynda ses berip biljekdigini habar berýär. Habarda Ýewropada iň köp saýlawçynyň Germaniýadadygy aýdylýar.

Sabah gazeti: “Türkiýä doly ynanýarys” söz başyly habarynda, Türkiýede ilkinji dükanyny 2010-njy ýylda açan şwesiýaly moda kärhanasy H&M-iň ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlygy Karl-Ýohan Perssonyň Türkiýede jemi 30 dükan açandyklaryny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Karl-Ýohan Perssonyň: “Türkiýede ösüş potensialymyzy görýäris. Türki müşderilerine hödürleýän egin-eşiklerimizi halaýandyklaryna örän begenýäris. Türkiýä gelenimiz üçin örän şat” diýendigi ýazylýar.

Watan gazeti: “Iki materik birleşdirildi” söz başyly habarynda, gurluşygy 2013-nji ýylyň 29-njy maýynda başlan Ýawuz Soltan Selim köprüsiniň işleri çalt depginler bilen alynyp barylýandygyny habar berýär. Gazet Bosfor bogazynyň 3-nji köprüsindäki we Demirgazyk Marmara gara ýolunyň taslamasyndaky köpri tanaplarynyň birikdiriljek diňleriň gurluşygynyň tamamlanandygyna we tanaplaryň birikdirilmäge başlanandygyna ünsi çekýär. Habarda 59 metr giňligi bilen dünýäniň iň giň asma köprüsi boljak Ýawuz Soltan Selimiň açylyşynyň 29-njy oktýabrda boljakdygy nygtalýar.

Haber Türk gazeti: “Şüweleň başlaýar” söz başyly habarynda,TEB BNP Paribas Stambul Open tenis bäsleşiginiň ertir başlajakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet 3-nji maýa çenli dowam etjek bäsleşigiň Türkiýäniň milli tenisçisi Marsel Ilhanyň, 2-nji targyra geçen ýagdaýynda dünýäniň ady belli tenisçisi Rožer Federer bilen basleşjekdigini mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar