Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 25.04.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

249466
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 25.04.2015

“Watan” gazeti “Göktürk-1 hemrasy taýar” söz başyly habarynda, gurluşygy tamamlanan Göktürk-1 hemrasynyň Fransiýanyň Kan şäherinde dabaraly ýagdaýda tanyşdyrlandygyny ýazýar.Gazet hemranyň Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň mätäçlikleriniň gidirilmegi taýdan möhümdigini belleýär.Gazet 7-nji maýda Ankara ugradyljak Göktürk-1 hemrasynyň 2016-njy ýylyň birinji ýarymynda Fransiýadan uçurylmagynyň meýilleşdirilýändigini nygtaýar.Gazet Göktürk-1 hemrasynyň günde ortaça 278 foto surat ugratmak mümkinçiligine eýedigini ýatladýar.


“Sabah” gazeti “Bahreýinli Tadhamon Türkiýä gelýär” söz başyly habarynda Bahreýinli maýadarlaryň Türkiýede maýa goýmak isleýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet merkezi Bahreýinde ýerleşýän Inwestkorpdan soň Tadhamon Kapital firmasynyň hem ugrunyň Türkiýä gönügendigini ýazýar.
Gazet Ýewropada esasan hem Britaniýada maýa goýumlary bilen ünsleri özüne çekýän firmanyň ýolbaşçysy Ahmet Soltanyň “Türkiýede maýa goýmak isleýäris” diýendigini belleýär.


“Watan” gazeti “Uly göwrümli taslamalar bilen 120 million dollardan geçdiler” söz başyly habarynda türk kärendeçileriniň 2015-nji ýylyň birinji ýarymynda daşary ýurtda 2,8 milliard dollarlyk iş alandyklaryny we ortaça her bir taslamanyň gymmatynyň 120 million dollardan geçendigini habar berýär.
Gazet türk kärendeçileriniň ady agzalýan döwürde esasan hem Alžirde, Russiýada, Türkmenistanda, Saud Arabystanynda we Azerbaýjanda uly taslamalaryň jogapkärçiliklerini öz üstüne alandygyny ýatladýar.


“Haber Türk” gazeti “Diýarbakyra altyn ýagdy” söz başyly habarynda Birinji Mesopotamiýa Şaý-sep sergisinde gymmaty 5 milliard türk lirasyna barabar bolan şaý-sepiň 250 polis işgäriniň gözegçiliginde sergilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet sergide 60 kilogram agyrlygynda sap altyndan bolan taryhy diwaryň ünsleri özüne çekendigini nygtaýar.


“Ýeni Şafak” gazeti Akdamar buthanasy, Ýyldyz köşgi, gadymy Aspendos şäheri ýaly tebigy we medeni taýdan gymmatly ýene-de 10 eseriň UNESCO-nyň Dünýäniň wagtlaýyn medeni miras sanawynda ýer alandygyny ýazýar.


“Star”gazeti “Soňky hata Awstraliýada uly gyzyklanma görkezildi” söz başyly habarynda Çanakgala deňiz ýeňişini gürrüň berýän Soňky hat filmine uly gyzyklanma görkezilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Çanakgala deňiz ýeňişini iki ýigidiň yşgy arkaly gürrüň berýän “Soňky hat” filminiň 5-nji Awstraliýa türk kino film festiwalynda açylyş filmi hökmünde görkezilendigini habar berýär.
Gazet filmiň kino režisýory Özhan Eren bilen aktrisalaryndan Mina Sowetskiniň hem tomaşaçylar bilen birlikde filme tomaşa edendigini nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar