Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 24.04.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

248523
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 24.04.2015

Hürriýet gazeti: “Hemişelik dünýä parahatçylygy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Premýer ministri Ahmaet Dawutogly Çanakgala Söweşiniň 100 ýyllygy mynasybetli Stambulda beýleki ýurtlaryň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen Parahatçylyk maslahatynda çykyş edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Dawutoglynyň: “Parahatçylyk maslahatynyň guramagmyzyň esasy sebäbi bütin dünýä duýdurmak isledik. 100 ýyl ozal agyr söweşler başymyzdan geçen bolup biler, emma 100 ýyl soň parahatçylygy ýola goýmak üçin şu gün tüýs wagtydyr” diýendigini belleýär.
Ýeni Şafak gazeti: “Sürgün zamanynda özüni erbet alyp baran esgerlere agyr jeza berilipdir” söz başyly habarynda, Baş ştabyň başlygynyň Harby taryh we strategiýa ylmy-barlag departamenti arhiwdäki taryhy resninamalaryň 1915-nji ýylda başdan geçirilen wakalaryň ozal bilinmeýän tarapyny mälim edýändigini ýazýar. Gazet 1915-nji ýyldaky wakalar bilen baglanşykly aýdylanlaryň tersine, ermeniler göçürilende osmanly türkmen döwletiniň nähili derejede olar barada aladalanýandygyny göz öňüne getirip bolýandygyny mälim edýär. Habarda resminamalarda ermenileriň öňünde özüni erbet alyp barýan esgerleriň Harby kazynyň öňüne çykarylýandygy nygtalýar.
Star gazeti: “Türk-rus kiçi we orta büdjetli karhanalar (KOBİ) hyzmatdaşlyk eder” söz başyly habarynda, Antalýada guralan Türkiýe-Russiýa işewürler geňeşinde türk-rus kiçi we orta büdjetli karhanalaryň (KOBİ) hyzmatdaşlygy barada durup geçilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň: “Iki ýurduň söwda gatnaşyklarynyň arasyndaky päsgelçilikleriň aýrylmagy bilen söwda möçberi artar. Türk KOBI-leri Russiýa görelde bolup biler” diýendigini, Russiýanyň Ykdysadyýet ministri Alekseý Ulukýaýewiň bolsa: “Ik ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň artmagy üçin umumy gazna döredilmeli” diýendigini ýazýar.
Haber Türk gazeti: “Türkiýe mawy baýdakda dünýäde ikinji” söz başyly habarynda, Türkiýe 2015-nji ýylda mawy baýdakly plažlaryň sanawynda dünýäde ikinji oruny eýeländigini habar berýär. Habarda Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çelikiň: “1994-nji ýylda diňe 6 mawy baýdakly plýaža eýe bolan Türkiýe 20 ýylda şol sany 73 göterim artdyryp 436-a ýetirdi. Ispaniýa sanawa görä birinji orunda” diýendigi bellenýär.
Sabah gazeti: “Türkleriň Basketbol şüweleňi” söz başyly habarynda, Fenerbahçe basketbol komandasynyň Turkish Airlines Ewroligasynyň final bäsleşiginde oýnajakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türk howa ýollarynyň hemaýatkärliginde geçiriljek bäsleşigiň Fan Zone bölümine Medeniýet we syýahatçylyk ministrligiň Türkiýäni tanatmak üçin gatnaşjakdygyny mälim edýär. Habarda ministrligiň açjak stendinde Türkiýäniň medeniýeti, tagamlary we sungaty tanyşdyrylyp, syýahatçylyk pudagynyň ösmegi üçin öz goşantlaryny goşjakdygy ýazylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar