Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 22.04.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

245711
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 22.04.2015

“Habertürk” gazeti: “Çanakgala ýeňişiniň 100 ýyllygy mynasybetli 21 Prezident geler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T Erdoganyň öňbaşçylyk etmeginde 23-24-nji aprel aralygynda geçiriljek “Parahatçylyk sammiti we Çanakgala ýeňişiniň 100 ýyllygy” atly dabara 80 ýurtdan 100 töwerek lideriň gatnaşjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet daşary ýurtly metbugat işgärleriniň sany Çempionlar ligasynyň final bäsleşigindäki 770 metbugat işgärleriniň sanyndan hem köpdigine ünsi çekýär.
“Milliýet “gazeti: “Gebzede çip fabrikasy gurular” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ylmy we tehniki barlaglar guramasy TÜBİTAK-yň Gebze etrabynda çip fabrikasyny gurjakdygyny habar berýär. Gazet çip fabrikasynyň Milli Goranyş senagaty we hususy kärhanalar tarapyndan Gebzede guruljakdygyny mälim edýär. Habarda Harby elektronik senagaty edarasy ASELSAN we Bilkent uniwersiteti bilen bilelikde düýbi tutuljak nitrat galliý esasly çip fabrikasyndan soň, TÜBITAK-yň ýolbaşçylygynda Türkiýänň ilkinji uly göwrümli kremniý esasly çip fabrikasynyň guruljakdygy bellenýär.
“Ýeni Şafak” gazeti: “1 million adam iş bilen üpjün edildi” söz başyly habarynda, Türkiýede 2014-2015-nji ýyllarda 1 million adamyň iş bilen üpjün edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ilaty taýdan Türkiýeden 4 esse köp bolan Ýewropada bolsa 2014-2015-nji ýyllarda diňe 220 müň adamyň iş bilen üpjün edilendigi, bu bolsa Türkiýäniň dinamizme eýediginiň aýdyň subutnamasydygy mälim edilýär.
“Sabah” gazeti: “Ýewropanyň iň uly öýjük we gen merkezi” söz başyly habarynda, häzirki döwürde keselleriň aglabasyny derman bilen bejerip bolmaýandygyny we şol sebäpli adamlaryň öz öýjüklerini we dokumalaryny ulanyp bejermäge synanşylýandygyny habar berýär. Gazet Türkiýäniň Trabzon welaýatyndaky Ýewropanyň iň uly öýjük we gen merkezinde ALS syrkawlaryna öýjük transplantasiýanyň we rak keseline garşy synag sanjymlarynyň edilýändigini ýazýar. Habarda merkezde ýakynda infarktdan soň ýürekde ölen öýjükleriň ýerine başga öjükleriň oturdylmaga başlanjakdygy bellenýär.
“Watan” gazeti: “Energetika, gurluşyk we tehnologiýa 1,5 trillion dollar gelýär” söz başyly habarynda, Türkiýä Pars aýlag ýurtlaryndaky jemi 1,5 trillion dollara barabar bolan fondlaryň ýolbaşçylarynyň geljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Halkara maýa goýum sammitiniň başlygy Haşim Süngüniň: “29-30-njy aprel aralygynda şu ýyl ikinjisi guraljak sammite Pars aýlag ýurtlarynyň ady belli fondlarynyň ýolbaşçylary türk işewür adamlar we býurokratlar bilen duşuşjakdygyny” aýdandygyny mälim edýär. Habarda Süngüniň: “Pars aýlag ýurtlarynyň fondlarynyň ýolbaşçylary Türkiýäniň ähli pudagy bilen gyzyklanýarlar, maglumat alýarlar” diýendigi nygtalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar