Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.04.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

244332
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.04.2015

Star gazeti: “Nýu Ýork Times Türkiýäni ÝB-ne görelde görkezdi” söz başyly habarynda, Italiýa geçmek islän ýüzlerçe bosguny alyp barýan gäminiň batmagy netijesinde, Ortaýer deňizinde başdan geçirilen pajyga sebäpli bütün dünýäde reaksiýalaryň dowam edýändigini we "Nýu Ýork Times" gazetiniň hem redaksion makalalarynda Ýewropanyň bosgun syýasatyny tankyt edip, öz gapysyny bosgunlara açan Türkiýäni görelde hökmünde görkezendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Ýewropanyň mundan artyk afrikaly bosgunlary kabul edip bilmeýändigi hakyndaky delilnamalarynyň şüphelidigini, sebäbi Türkiýäniň 1,7 million siriýalyny kabul edendigini we Ýewropanyň adam hukuklaryna ähmiýet bermeýändigini ýazýar.
“Ýeni Şafak” gazeti: “Fewral aýynda daşary ýurtlylardan 954 million dollarlyk gönüden maýa goýum” söz başyly habarynda, Ykdysadyýet ministrligi fewral aýynyň “Halkara göni maýa goýum hasabat býulletenini” çap edendigini mälim edýär. Gazet fewral aýynda daşary ýutlylaryň Türkiýä 954 million dollarlyk gönüden maýa goýandyklaryny, şu ýylyň ilkinji iki aýynda 2 milliard 711 million dollarlyk gönüden maýa goýulandygyny, daşary ýurt kapitalynyň 2,2 million dollara barabar bolandygyny habar berýär.
“Sabah” gazeti: “Howa menzili bereket getirdi, Ordu şäherinde maýa goýumlar başlady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň we Ýewropanyň deňiziň üstünde guruljak ilkinji howa menzili bolan Ordu-Giresun howa menziliniň gurluşygy entek tamamlanmanka şäherde maýa goýumlaryň başlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda gubernator Irfan Balkanlyoglynyň: “Daşary ýurtly işewür adamlar Orduda köp sanda ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga başladylar. Işewür adamlar esasan hem boş mellek ýerlerini satyn alýarlar, olar ýaşaýyş jaýlaryna we myhmanhanalara maýa goýýarlar” diýendigi nygtalýar.
“Haber Türk” gazeti: “Türkiýede 1,8 million suw guşy bar” söz başyly habarynda, Türkiýede tokaýlaryň we suwarymly ýerleriň köpelmegi netijesinde guşlaryň görnüşleriniň we sanynyň artýandgygyny habar berýär. Gazet Tokaý hojalygy we suw işleri ministrliginiň geçen ýyl Türkiýäniň 51 ýerinde uniwersitetleriň we guramalaryň kömegi bilen suw guşlaryny sanandygyny we sanawda guşlaryň 99 görnüşinden 1 million 844 müň 415 guşuň bardygynyň anyklanylandygyny mälim edýär. Habarda guşlaryň sanawy üçin başda sanaw ýerleriniň we meýdan kartalarynyň GPS-iň kömegi bilen anyklanylýandygyna, guşalaryň toparlarynyň gürlügine we toparyň içindäki dürlüligine görä ýeke-ýeke sanalýandygyna ünsi çekýär.
“Watan” gazeti: “Bodruma gök reňk gelişer” söz başyly habarynda, Mugla welaýatynyň ady belli syýahatçylyk zolaklarynyň biri bolan Bodrum etrabynda ýaşaýyş we iş ýerleriniň gapylarynyň we äpişgeleriniň gök reňke boýalmaga başlanadygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Bodrumda jaýlaryň reňki aga, gapylarynyň we äpişgeleriniň reňki bolsa göge boýaljakdygyny we boýag aksiýasynyň aprel aýynyň ahyryna çenli tamamlanmagynyň meýilleşdirilýändigini mälim edýär. Habarda Bodrumyň bu owadan görnüşine daşary ýurtly syýahatçylar tarapyndan ýokary baha berilendigi bellenýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar