Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 15.04.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

236272
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 15.04.2015

“Sabah” gazeti “Erdogan: eksportçylarymyz walýuta kursyndan hökman ýerlikli peýdalanar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ankarada beren beýanatynda “Soňky döwürde walýuta kurslarynda başdan geçirilýän özgerlişikden eksportçylarymyz hökmany suratda ýerlikli peýdalanar diýip tama edýärin” diýen sözlerine ünsi çekýär. Gazet şu ýyldan başlap Türkiýäniň ösüş depgininiň ýokarlajakdygyna ynanýandygyny nygtan Erdoganyň, eksportçylaryň öwgä mynasyp başarjaňlyga eýedigini ünsi çekendigini ýazýar. Habarda Erdoganyň eksportda edilen ösüş görkezijilerini hem yglan edendigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.
“Star” gazezti “ŽP Morgan: Türkiýä maýa goýmagyň tüýs wagty” sözbaşyly habarynda, ABŞ-nyň Bakirlik guramasy “ŽP Myrganyň” “Ösüp barýan bazarlarda weksel strategiýasy” habarnamasynda Türkiýede maýa goýmagyň tüýs wagtynyň gelendigi barada aýdylýandygyna ünsleri çekýär. Habarda Türkiýede, İndoneziýada, Hindistanda, Filippinlerde, Günorta Koreýada, Taýwanda we Günorta Afrikada maýa goýmaga gönükmekligi maslahat berýän “ŽP Morganyň” Türkiýede ýylyň ahyrynda infilýasiýanyň we nagt ýetmezçiliginiň aşaklajakdygyny mälim edendigi nygtalýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Gyzyl týulpan üçin start berildi” söz başyly habarynda, gollandiýaly we türkiýeli kino muşdaklaryny duşuşdyrjak Gollandiýa-Türkiýe Ylym gaznasy tarapyndan guralýan “Gyzyl týulpan kino-film festiwalynyň” maý aýynyň 29-y bilen iýun aýynyň 6-sy aralygynda Gollandiýanyň Rotterdam, Amsterdam we Eindhowen şäherlerinde kino muşdaklaryny özünde jemlejekdigini ýazýar. Gazet şu ýyl üçünjisi geçiriljek festiwalda “Ömür boýy üstünlik” baýragynyň geçen ýylky eýesi Fatma Girigiň baýragyny şu ýyl Filiz Akyna gowşurjakdygyny, festiwala türk we daşary ýurtly sungat ussatlarynyň gatnaşmagyna garaşylýandygyny mälim edýär.
“Haber Türk” gazeti “Stambul Marafonunda maksat goşa rekord” söz başyly habarynda, 26-njy aprelde geçiriljek “Stambulyň ýarym marafonunda rekord goýulmagyna garaşylýandygyny, degişli taýarlyklaryň tamamlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet marafona meşhur türgenler bilen birlikde 8 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigini ýazýar.
“Watan” gazeti “Kardaşiýanyň dogany Antalýa gelýär” söz başyly habarynda, Dünýä belli şou ýyldyzy Kim Kardaşiýanyň öweý dogany Kendall Ženneriň Antalýa geljekdigini, 19 ýaşly meşhur modeliň iýun aýynyň 8-14-i aralygynda Antalýada ýigirminjisi geçiriljek “Dosso Dossi Faşion Şouda” baş manken hökmünde podiuma çykjakdygyny mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar