Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.04.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

232255
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.04.2015

Star gazeti: “Tehnologiýa öndürene goldaw beriler” söz başyly habarynda, Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň senagatçylara şatlykly habar berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetriýär. Gazet Türkiýäniň geljeginiň tehnologiýa önümçiligindedigini nygtan Ahmet Dawutoglynyň: “Türkiýede täze haryt öndürenleriň, täze tehnologiýany oýlap tapanlaryň başymyzyň üstünde ýeri bar. Nähili goldaw gerek bolsa bereris, näme isleseler ederis. Mundan soň sarp ediji däl, öndüriji ýurt bolmak isleýäris” diýendigini belleýär.
Sabah gazeti: “Ösüş ikinji çäýrekde ýokarlar” söz başyly habarynda, senagat önümçiliginiň fewral aýynda ýanwar aýyna garanyňda 1,7 göterim artandygyny malim edýär. Gazet Ylym, senagat we tehnologiýa ministri Fikri Yşygyň: “2015-nji ýylyň ikinji çäýreginde senagat önümçiliginiň we ýurduň ösüşiniň has-da çaltlaşmagyna garaşýarys. Senagat önümçiligindäki esasy ösüş ulag pudagynda boldy” diýendigini habar berýär.
Milliýet gazeti: “Kipr gepleşiklerini oýnap bolýar” söz başyly habarynda, kiprli žurnalist Nazmi Pynaryň, soňy görünmeýän parahatçylyk gepleşiklerini kompýuter oýnap boljak oýun hökmünde taýarlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetriýär. Habarda ‘Cyprus Players’ atly oýuny internetden ýükläp bolýandygy bellenýär. Gazet oýunda DKTR Prezidenti Derwiş Erogly bilen BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite wekili Barth Eideniň Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadisi gepleşik stoluna oturtmaga synanyşýandygyny, klawiaturadaky boşluk düwmesine basyp Anastasiadisi stola oturdyp bilseň, 10 bal gazanyp bolýandygyny ýazýar.
Ýeni Şafak gazeti: “Ajaýyp eserler auksionda” söz başyly habarynda, ajaýyp türk kartinalarynyň satyljak auksionynyň 12-nji aprelde Stambulda geçiriljekdigini mälim edýär. Gazet Türkiýäniň tanymal kolleksionerleri Halil Paşanyň, Sami Ýetikiň, Hoja Ali Ryzanyň, Hikmet Onatyň, Feýhman Duranyň we Şewket Dagyň çeken kartinalaryny, Osmanly türkmen döwletnden galan tugraly kümüşleri, Beýkoz kolleksiýasynyň hatlaryny, permanlary we hileýi şerifleri satmak üçin auksiona çykarjakdygyny habar berýär. Habarda auksionda boljak Sami Ýetikiniň 1917-nji ýylda çeken “Milli azat edijilik göreşi” atly suratynyň başlangyç bahasynyň 550 müň liradygyna we auksionda boljak eserleriň onlaýn katalogyny www.antikas.com internet saýtyndan görüp boljakdygyna ünsi çekýär.
Haber Türk gazeti: “Maksat dünýa çempiony bolmak” söz başyly habarynda, Ýewropada woleýbol boýunça zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde çempion bolan Ejzajybaşy Witra woleýbol komandasynyň indiki maksadynyň dünýä çempiony bolmakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet CEV Deňizbank çempionlar ligasynda ilkinji gezek çempion bolan Ejzajybaşy Witra woleýbol komandasynyň kapitany Esra Gümüşiň: “Dünýä woleýbol bäsleşiginde-de üstünlikli çykyş edip, türk woleýbolynyň nähili derejä ýetendigini görkezmek isleýäris” diýendigini ýazýar. Habarda Çempionlar ligasynda soňky 5 ýylda 4-nji gezek türk komandalarynyň çempion bolandygy mälim edilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar