Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.03.2015

Türkiýäniň we dünýäniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

283996
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 27.03.2015

“Ýeni Şafak” gazeti “Çankaýanyň ilkinji myhmany Fidan” söz başyly habarynda ozalky Prezident köşgi bolan Çankaýa köşgüniň Premýer ministrlige berilmeginden soň Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Çankaýa köşgünde ilkinji resmi myhmanyny kabul edendigini ýazýar.

Gazet Premýer ministr Dawutoglynyň Çankaýa köşgüniň ilkinji resmi myhmany Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan bilen çözgüt etaby we Saud Arabystanynyň öňbaşçylyk etmeginde Ýemende Husilere garşy başladylan howa operasiýasy barada pikir alyşandygyny nygtaýar.


“Star” gazeti “Türkiýe Aziýa maýa goýum banky bilen şärik bolar” söz başyly habarynda Gaznalar baş müdürliginiň Hytaýyň edýän tagallasy netijesinde açylmagy meýilleşdirilýän Aziýa maýa goýum bankyna agza bolmak üçin ýüz tutandygyny habar berýär.
Gazet Aziýada aragatnaşyk, transport, energetika we telekomunikasiýa ýaly beýleki infstruktura işleri üçin maýa goýumlaryň depgininiň güýçlendirilmegini maksat edinýän bankyň Günbatarly ýurtlaryň häkimiýeti astyndaky Bütin dünýä bankyna we Aziýa Galkynyş bankyna bäsdeş hökmünde görülýändigini ýatladýar.


“Watan” gazeti “Germaniýada türk halk deputatyny öldürmek bilen hemle atdylar” söz başyly habarynda Germaniýada Ýaşyllar partiýasynyň Gamburg ştatyndan halk deputaty Nebahat Güçlä poçta arkaly kimligi näbelli adamlar tarapyndan ýazylan hatyň gelip gowşandygyny ýazýar.
Gazet hatda “Seniň damagyňy kesmek gerek” diýlip ýazylandygyny belleýär.
Gazet 3 sahypalyk hatda şeýle hem türkleriň, musulmanlaryň we Federal hökümetiň Utgaşyklykdan jogapkär ministri Aýdan Özoguzyň kemsidilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


“Sabah” gazeti “Türkiýe organ söwdasyna garşy Ýewropa şertnamasyna gol goýdy” söz başyly habarynda Türkiýäniň “Organ söwdasyna garşy Ýewropa Geňeşiniň şertnamasyna gol goýmak bilen organ söwdasyna garşy göreşjek ýurtlaryň sanawynda 14-nji ýurt hökmünde ýer alandygyny ýazýar.


“Haber Türk” gazeti “Kryon parahatçylyk üçin gelýär” söz başyly habarynda dünýäde we Türkiýede millionlarça adam tarapyndan ýakyndan gyzyklanylýan Li Karol Kryonyň aprel aýynyň 11-12-si aralygynda ilkinji gezek Türkiýä geljekdigini habar berýär.
Gazet metafizik ýazyjy Karol Kryonyň türk diline terjime edilen 16 kytabynyň bardygyny nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar